
Apatiýa garşy derman: Hiç zat begendirmeýän ýagdaýdan nädip çykmaly?
Käwagt durmuşda şeýle bir döwür bolýar: sanki içimizde yşygy öçüren ýaly bolýarlar. Aglasyň gelenok, gaty uly gussa hem ýok, ýöne töwerekdäki hemme zat «parhsyz» bolup görünýär. Önki gowy görýän gyzyklanmalaryň manysyz, kinolar gyzyksyz bolup başlaýar, hatda dostlaryň hatyna-da zordan jogap berýärsiň. Bu — apatiýadyr. Psihikanyň doly ýadandygyny we özüni goramak üçin wagtlaýyn «öçendigini» görkezýän ýagdaýdyr.
Eger-de «özüňi ele al» diýen ýaly adaty maslahatlar diňe bir gaharyňy getirýän bolsa, onda bu ýagdaýdan nädip ýuwaş-ýuwaşdan çykmaly?
1. Özüňizi günäkarlemegi bes ediň
Apatiýa düşen adamyň edýän ilkinji işi — özüni ýazgarmakdyr: «Men ýalta, hemme kişi işleýär, men bolsa ýatyr we hiç zat bilemoga». Duruň! Apatiýa — bu ýaltalyk däl. Ýaltalyk — güýjüňiz bar wagty, ony has ýakymly zada sarp etmek islegiňizdir. Apatiýa bolsa, hatda iň gowy görýän zadyňyza-da darykmaga güýjüňiziň bolmazlygydyr.
Bu ýagdaýy wagtlaýynça döwülen eliň gipse salynmagy ýaly kabul ediň. Siz döwülmediňiz, siz diňe dikelýärsiňiz.
2. Pikiriňiz däl-de, bedeniňiz arkaly hereket ediň
Ýadan beýniňiz bilen «şertleşjek» bolmak peýdasyzdyr. Işi göni fiziologiýadan, ýagny bedenden başlaň. Ruhy ýagdaý bilen beden göni baglanyşyklydyr.
Gündizki ýagtylyk: Apatiýa garaňkylygy we perdeleri ýapyk otaglary gowy görýär. Perdeleri açyň, iň bolmanda 15 minutlap Günüň astynda oturyň — bu şatlyk gormonynyň (serotoniniň) bölünip çykmagyna kömek eder.
Kontrastly duş (sowuk suw): Nert ulgamyny oýarmagyň we ganyň aýlanyşygyny çaltlandyrmagyň iň çalt usulydur.
Maksatsyz gezelenç: Diňe daşary çykyň we 20 minutlap haýaljakdan ýöräň. Gulaklyksyz (nausniksiz) we telefona seretmezden geziň.
3. «Kiçijik ädimler» düzgüni
Apatiýa wagtynda «öýi ýygnamak» ýa-da «ýyllyk hasabaty taýýarlamak» ýaly uly maksatlar Ewerest dagyna çykmak ýaly kyn görünýär. Beýni munuň göwrüminden gorkýar we işi bloklaýar. Maksadyňyzy iň pes derejä çenli kiçildiriň.
Öýi ýygnajak bolmaň — diňe ýerdäki bir sany kagyzy alyp, zynjaga taşlaň.
Makala ýazjak bolmaň — kompýuteri açyň-da, diňe bir sözlem ýazyň.
Uly nahar taýýarlajak bolmaň — diňe bir bulgur arassa suw içiň.
Köplenç iň kyny ilkinji ädimi ätmekdir. Kiçijik bir işi bitiren badyňyza, beýni azajyk dofamin (üstünlik gormonyny) çykarýar we ikinji ädimi ätmek has aňsatlaşýar.
4. «Sanly (Sanlyja) detoks»
Käwagt apatiýa — telefonlarda we sosial ulgamlarda aşa köp wagt geçirmegiň netijesidir. Eger siz sagatlap gysga wideolara seretýän bolsaňyz, beýniňiz aňsat we «arzan» dofamine öwrenişýär. Şundan soň hakyky dünýä reňksiz we gyzyksyz bolup görünýär.
Iň bolmanda ýarym günüňizi telefonsyz geçiriň. Özüňize azajyk ýürekgysgynç bolmaga rugsat beriň. Beýni bu sanly galmagaldan dynç alar we hakyky dünýäniň ýönekeý zatlaryndan lezzet alyp başlar.
Esasy zat: Apatiýadan pyşbaga ädimleri bilen, ýuwaş-ýuwaşdan çykmaly. Özüňizden uly zatlary talap etmäň. Özüňize çaý demlediňizmi? Berekella! Ýüz-gözüňizi ýuwduňyzmy? Örän gowy, bu eýýäm bir ýeňişdir. Özüňize wagt beriň, durmuşyňyza ýylylyk hökman dolanar.


