Skip to content

Okuw merkezleri we koworkingler

4 ýer · 47 okuw · Aşgabat

Iş Nokady

Iş Nokady

Koworking merkezi · Berkarar Işewürlik merkezi, 10-nji gat ofis J1, 1-nji gat ofis A7

Türkmenistandaky ilkinji koworking merkezi Biziň 2 koworking merkezimiz Aşgabatdaky iň uly biznes merkezleriniň birinde ýerleşýär. Koworking merkezlerimizde siz täze müşderileri, hyzmatdaşlary, pikirdeşleri we dostlary tapyp bilersiňiz.

300 TMT/gün başlapNyrhlara seretmek
IT NOKADY

IT NOKADY

IT akademiýasy · Atatürk köçesi, 82

IT Education Academy — bu döwrebap bilim merkezi bolup, onda çagalar we ýetginjekler tehnologiýa, programmirleme we sanly döredijilik ugurlarynda isleg bildirilýän başarnyklary özleşdirýärler. Biz okuwy noldan başlaýarys we ädimme-ädim IT dünýäsine çümmegi öwredýäris: ilkinji kod setirlerinden başlap, öz taslamalaryňy döretmäge çenli. Akademiýada dürli ýaş toparlary üçin ugurlar bar — başlangyç programmirleme we oýun döretmekden başlap, çuňlaşdyrylan diller, dizaýn we ulgam dolandyryşyna çenli. Biziň okuwçylarymyz şulary öwrenýärler: — meşhur dillerde programmirlemek (Python, Java, C++, C#) — oýunlary we goşundylary döretmek — web-saýtlar we interfeýsler taýýarlamak — 3D modelirleme we dizaýn bilen işlemek — robotlary ýygnamak we programmirlemek Biz tejribä aýratyn üns berýäris: her bir okuwçy diňe teoriýany öwrenmän, eýsem hakyky taslamalary döredýär. Bu bolsa olaryň portfoliýasyny we öz başarnyklaryna ynamyny ösdürýär. Biziň maksadymyz — diňe öwretmek däl, eýsem geljekki hünäri saýlamaga kömek etmek, logiki pikirlenmäni, döredijiligi we özüne bolan ynamy ösdürmekdir. IT Education Academy — gyzyklanma başarnyga, başarnyk bolsa geljege öwrülýän ýerdir.

17 okuwOkuwlara seretmek
Päk Nesil

Päk Nesil

Okuw merkezleri · Ankara we Oguzhan köçeleriniň çatrygy (1946), «Rysgal» banky, «A» blok, 6-njy gat.

«Päk Nesilde» okamak — çagalar we ýetginjekler üçin bilim derejelerini has-da kämilleşdirmek ýa-da ýokarlandyrmak, gözýetimlerini giňeltmek hem-de halkara synaglara taýýarlyk görmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Okuw merkezinde sapaklar Oxford materiallary esasynda döwrebap usulyýetleri ulanmak arkaly alnyp barylýar. Tejribeli we işine ussat mugallymlar her bir okuwçynyň başarnyklaryny aýratynlykda çemeleşmek arkaly ösdürmäge çalyşýarlar. Okuw merkezinde okuwyň töleglerini bölekleýin tölemek mümkinçiliginiň hem bardygyny ýatladýarys. Bahar pasly — täze mümkinçilikleriň möwsümi! «Biz tapawutly çemeleşýäris» diýen şygar bilen hereket edýän okuw merkezinde okuwlar 16-njy martda başlanýar. «Päk Nesil» okuw merkeziniň bölümleri Aşgabat şäheriniň birnäçe ýerinde hereket edýär. Isleg bildirýänler özüne laýyk gelýän ýerdäki degişli şahamçalara ýazylyp bilerler

12 okuwOkuwlara seretmek
Dana merkezi

Dana merkezi

Okuw merkezleri · Görogly (Perwomaý) köçesi, jaý 77

Dana Bilim Merkezi — çagalar we uly ýaşlylar üçin dil, kompýuter hem-de akademiki kurslary hödürleýän döwrebap okuw merkezidir. Merkez TOEFL, IELTS, SAT, GRE ýaly halkara synaglaryna ýokary derejede taýýarlaýar we häzirki zaman tehnologiýalary arkaly zerur başarnyklary ösdürmäge kömek edýär.

18 okuwOkuwlara seretmek