Skip to content
Baş sahypa

Ulanyş şertleri

Soňky täzeleniş: 31.10.2026

Bu şertler «Işgär» hyzmatynyň — isgar.com.tm saýtynyň we mobil programmanyň — ulanylyşyny düzgünleşdirýär. Hasap açyp ýa-da hyzmaty ulanyp, siz bu şertleri we Gizlinlik syýasatyny kabul edýärsiňiz.

1. Işgär näme

Işgär — iş we işgär gözlemek üçin hyzmat: dalaşgärler rezýume ýerleşdirýärler we iş orunlaryna ýüz tutýarlar, iş berijiler iş orunlaryny çap edýärler, rezýume gözleýärler we dalaşgärleri çagyrýarlar. Işgär iş beriji däldir we zähmet gatnaşyklarynyň tarapy däldir.

2. Hasap

  • Hasap telefon belgisi boýunça açylýar we SMS kody bilen tassyklanýar. Bir telefon belgisine — bir hasap.
  • Dalaşgär SMS kody bilen, iş beriji parol bilen girýär. SMS kodlaryny we paroly hiç kime bermäň.
  • Hasabyňyzda edilen hereketler üçin siz jogapkärsiňiz.
  • Hyzmaty 16 ýaşdan ulanyp bolýar.

3. Dalaşgärler üçin

  • Özüňiz, tejribäňiz we bilimiňiz barada dogry maglumat beriň.
  • 5 rezýumä çenli döredip bolýar.
  • Doldurylan rezýume gözlegde görünýär, aragatnaşyk maglumatlaryny görkezmelidigini ýa-da gizlemelidigini özüňiz çözýärsiňiz (Gizlinlik syýasaty, 3-nji bölüm).

4. Iş berijiler üçin

  • Diňe öz kompaniýaňyzyň hakyky iş orunlaryny çap ediň, kompaniýa barada dogry maglumat beriň.
  • Iş orny çap edilmezden öň barlanýar. Biz ony sebäbini görkezip ret edip ýa-da çap edilmekden aýryp bileris.
  • Iş orny 30 gün çap edilýär, soňra arhiwe geçýär. Ony uzaldyp bolýar.
  • «Ähli welaýatlar boýunça» diňe iş bir şähere bagly bolmadyk ýagdaýynda saýlanýar (uzakdan, wahta, gatnaw işi).
  • Dalaşgärlerden işe almak, okatmak, resminamalary taýýarlamak ýa-da iş eşigi üçin pul talap etmek gadagan.
  • Dalaşgärleriň aragatnaşyk maglumatlaryny diňe öz iş ornuňyza işgär saýlamak üçin ulanyň: olara mahabat ibermek we üçünji taraplara bermek gadagan.

5. Teswirler we şikaýatlar

  • Kompaniýa barada teswiri, onuň bilen kabul edilen ýüzlenme ýa-da çakylyk bolan bolsa, 7 günden soň ýazyp bolýar. Her kompaniýa barada — bir teswir.
  • Teswir çap edilmezden öň barlanýar we adyňyz hem familiýaňyz bilen çap edilýär.
  • Teswirde kemsitmek, başga adamlaryň şahsy maglumatlaryny ýaýratmak, mahabat we bilgeşleýin ýalan maglumat gadagan.
  • Iş ornuna, rezýumä, kompaniýa ýa-da ulanyja şikaýat edip bolýar. Şikaýatlara hyzmatyň administrasiýasy seredýär.

6. Gadagan hereketler

  • Ýalan maglumat görkezmek ýa-da özüňizi başga biri hökmünde tanyşdyrmak.
  • Başga biriniň hasabyny ulanmak.
  • Spam, mahabat we aldaw.
  • Ulanyjylary kemsitmek we olara haýbat atmak.
  • Maglumatlary awtomatik ýygnamak we hyzmatyň çäklendirmelerini aýlanyp geçmek.
  • Hyzmatyň işine päsgel bermek, zyýanly kod ýaýratmak, programmanyň koduny dikeltmek ýa-da üýtgetmek.

7. Düzgün bozulanda

Biz çap edilen maglumaty ret edip ýa-da aýryp, hasabyň mümkinçiliklerini çäklendirip ýa-da ony petikläp bileris. Hasap petiklenende onuň iş orunlary çap edilmekden aýrylýar, ýazyşmalar ýapylýar.

8. Jogapkärçilik

  • Hyzmat «bardygy ýaly» hödürlenýär. Biz onuň üznüksiz we säwsiz işlejekdigini, iş orunlarynyň we rezýumeleriň dogrudygyny, iş ýa-da işgär tapyljakdygyny kepillendirmeýäris.
  • Iş beriji bilen dalaşgäriň arasyndaky ylalaşyklar olaryň özara işidir, Işgär olar üçin jogap bermeýär.
  • Işe almak üçin pul tölemäň we SMS kodlaryny hiç kime aýtmaň. Sizden şuny soraýan bolsalar, şikaýat ediň.

9. Hasaby pozmak

Hasabyňyzy islän wagtyňyz pozup bilersiňiz. Tertibi we möhletleri — Gizlinlik syýasatynda, 5-nji bölüm.

10. Şertleriň üýtgemegi

Bu şertleri täzeläp bileris. Täze görnüşi täzelenen senesi bilen şu sahypada çap edilýär. Ondan soň hyzmaty ulanmagy dowam etseňiz, täze şertleri kabul edýärsiňiz.

11. Kanunçylyk

Bu şertler boýunça gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

12. Habarlaşmak

Soraglaryňyz bar bolsa: isgartm@gmail.com