Skip to content
Baş sahypa

Gizlinlik syýasaty

Soňky täzeleniş: 31.10.2026

Bu syýasat «Işgär» hyzmatynyň (isgar.com.tm saýty we mobil programma) haýsy maglumatlary ýygnaýandygyny, olary näme üçin ulanýandygyny, kimiň görüp bilýändigini we näçe wagt saklaýandygyny düşündirýär.

1. Haýsy maglumatlary ýygnaýarys

  • Hasap: telefon belgisi, e-poçta (görkezen bolsaňyz). Iş berijilerde — parol, ol diňe heş görnüşinde saklanýar. Dalaşgärler SMS kody bilen girýärler, olarda parol ulanylmaýar.
  • Dalaşgäriň profili: ady, familiýasy, doglan senesi, jynsy, şäheri, suraty.
  • Rezýume: wezipeler, iş tejribesi, bilimi, başarnyklary, dilleri, sürüjilik şahadatnamasy, islenýän aýlyk we iş şertleri, «Özüm barada» teksti.
  • Kompaniýa: ady, hukuk görnüşi, işiň ugurlary, şäheri, beýany, saýty, logotipi, aragatnaşyk telefonlary we e-poçtasy, iş ornunyň kartadaky nokady.
  • Hyzmatdaky işjeňlik: iş orunlary, ýüzlenmeler, çakylyklar, ýazyşmalar, kompaniýalar barada teswirler we şikaýatlar.
  • Tehniki maglumatlar: enjamyň görnüşi we modeli, programmanyň we ulgamyň wersiýasy, IP salgysy we seansyň soňky işjeňlik wagty, push-bildiriş tokeni, programmadaky ýalňyşlyklar barada habarlar (ýalňyşlygyň teksti, ekran, wersiýa).
  • Ulanyş statistikasy: programmada açylan ekranlar we hereketler (giriş, gözleg, iş orunlaryny görmek, ýüzlenmeler), saýta girişler.
  • Diňe siziň enjamyňyzda (bize iberilmeýär): doldurylyp gutarylmadyk formalaryň garalamalary, tema we dil sazlamalary. Garalamalar hasapdan çykanyňyzda pozulýar.

2. Maglumatlary näme üçin ulanýarys

  • Hasaby açmak, oňa girmek we ony goramak (SMS kody, ýygy-ýygydan girmek synanyşyklaryny çäklendirmek).
  • Hyzmatyň işlemegi üçin: iş we işgär gözlemek, ýüzlenmeler, çakylyklar, ýazyşmalar.
  • Rezýumä laýyk iş orunlaryny we iş ornuna laýyk rezýumeleri saýlamak.
  • Bildirişler: täze habarlar, ýüzlenmeler boýunça çözgütler, laýyk iş orunlary. Push-bildirişleri sazlamalarda öçürip bolýar.
  • Barlag: iş orunlary we teswirler çap edilmezden öň barlanýar, şikaýatlara seredilýär.
  • Ýalňyşlyklary düzetmek we hyzmaty gowulandyrmak.

3. Maglumatlaryňyzy kim görýär

  • Rezýume: doldurylan rezýume gözlegde saýtyň we programmanyň ähli ulanyjylaryna kartoçka görnüşinde görünýär: wezipe, tejribe, şäher, ýaş, islenýän aýlyk we surat. Doly rezýumäni iş berijiler hasaba girenden soň görýärler. Rezýumäni gözlegden aýyrmak üçin ony pozuň.
  • Dalaşgäriň telefony we e-poçtasy: siziň bilen ýüzlenme ýa-da çakylyk bolan iş berijä, şeýle hem barlanan we Premium kompaniýalara görünýär. Rezýumede aragatnaşyk maglumatlaryny gizlän bolsaňyz, olary hiç kim görmeýär — isleseňiz, özüňiz ýazyşmada ýazyp bilersiňiz.
  • Kompaniýa we iş orunlary: hemmelere görünýär. Anonim tertipde kompaniýanyň ady dalaşgärlerden gizlenýär.
  • Teswir: barlagdan soň adyňyz we familiýaňyz bilen çap edilýär.
  • Ýazyşma: diňe onuň gatnaşyjylaryna görünýär. Hyzmatyň administrasiýasy şikaýatlara seredende we düzgün bozulmalaryny barlanda ýazyşmany görüp biler.

Şahsy maglumatlaryňyzy satmaýarys. Maglumatlar diňe hyzmatyň işlemegi üçin zerur hyzmatlara berilýär:

  • Google Firebase — push-bildirişleri ibermek we programmanyň ulanyş statistikasy;
  • Google Analytics — saýta girişleriň statistikasy;
  • Google Maps — iş ornunyň salgysyny kartada saýlamak we görkezmek;
  • öýjükli aragatnaşyk operatory — SMS kodlaryny ibermek.

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda maglumatlar ygtyýarly edaralara berlip bilner.

4. Maglumatlary näçe wagt saklaýarys

  • Hasabyňyz bar wagtynda.
  • Ýapylan ýazyşmanyň habarlary ýazyşma ýapylandan 12 aý soň pozulýar.
  • Bildirişler — 90 gün; push-bildiriş tokeni — hasaba bir ýyl girilmese pozulýar.
  • Ýüzlenmeler we çakylyklar baradaky ýazgylar iş orny ýapylandan soň hem saklanýar — bu iki tarap üçin hem taryhdyr.
  • Maglumatlar bazasynyň ätiýaçlyk nusgalary 8 hepdä çenli saklanýar.

5. Hasaby pozmak

  • Programmada: Profil → Sazlamalar → «Hasaby pozmak». Ýa-da hasabyň telefon belgisini görkezip, isgartm@gmail.com salgysyna hat ýazyň.
  • Haýyşdan soň hasap derrew ýapylýar: oňa girip bolmaýar, iş orunlary çap edilmekden aýrylýar, ýazyşmalar ýapylýar.
  • 3 iş gününiň dowamynda şahsy maglumatlary pozýarys: telefon, e-poçta, parol, rezýumeler, saýlananlar, bildirişler. Profildäki at pozulýar, ýerine hasabyň pozulandygy barada bellik goýulýar.
  • Şahsyýetsiz görnüşde galýar: ýüzlenmeler baradaky ýazgylar we ýazyşma beýleki tarapda (habarlar 12 aýdan soň pozulýar), ýüzlenmeler taryhynda kompaniýanyň ady. Ätiýaçlyk nusgalaryndan maglumatlar olar täzelendigiçe, 8 hepdeden gijä galman ýitýär.

6. Maglumatlaryň howpsuzlygy

  • Saýt we programma bilen aragatnaşyk HTTPS arkaly goralýar.
  • Parollar diňe heş (bcrypt) görnüşinde saklanýar.
  • Maglumatlar bazasyna diňe ygtyýarly işgärler girip bilýär.
  • Girmek synanyşyklary we soraglar çäklendirilýär, dalaşgärleriň aragatnaşyk maglumatlary ýokardaky düzgünler bilen goralýar.

7. Siziň hukuklaryňyz

  • Profiliňizdäki we rezýumäňizdäki maglumatlary üýtgetmek.
  • Rezýumede aragatnaşyk maglumatlaryny gizlemek.
  • Sazlamalarda bildirişleri öçürmek.
  • Hasaby pozmak (5-nji bölüm).
  • E-poçta arkaly siz barada haýsy maglumatlaryň saklanýandygyny soramak.

8. Çagalar

Hyzmat 16 ýaşdan kiçi adamlar üçin niýetlenmedik. 16 ýaşdan kiçi adamlardan bilgeşleýin maglumat ýygnamaýarys.

9. Syýasatyň üýtgemegi

Bu syýasaty täzeläp bileris. Täze görnüşi täzelenen senesi bilen şu sahypada çap edilýär we çap edilen gününden güýje girýär.

10. Habarlaşmak

Gizlinlik barada soraglar we maglumatlaryňyz boýunça haýyşlar üçin: isgartm@gmail.com