Amatly pursata garaşma: bir ädim seniň karýeraňy nädip üýtgedip biler
Ilkinji ädimi ätiň — ýol özi açylar: näme üçin karýeraňyz kämil pursatdan däl-de, hereketden başlanýar
Uzak wagt bäri işini üýtgetmek isleýän bir adamy göz öňüne getiriň. Ol boş iş orunlaryny yzygiderli gözden geçirýär, iş berijileriň talaplaryny öwrenýär, täze iş ýerinde özüni göz öňüne getirýär, ýöne şonda-da rezýumesini ibermeýär. Sebäbi ilki bilen goşmaça tejribe toplamalydyr, okuw kurslaryny tamamlamalydyr ýa-da has amatly pursata garaşmalydyr diýip pikir edýär.
Wagt geçýär, täze iş orunlary peýda bolýar, emma hiç zat üýtgemeýär.
Bu ýagdaý size tanyşmy? Belki-de, mesele mümkinçilikleriň ýoklugynda däl-de, adamyň ähli şertleriň kämil bolmagyna aşa köp garaşmagyndadyr.
Hemme zady öňünden bilmek hökman däl
Iş gözlemekde köp dalaşgärleriň duş gelýän kynçylyklarynyň biri — boş iş ornunyň ähli talaplaryna laýyk gelmeýän ýagdaýynda özüni synap görmekden çekinmekdir.
Ýaş hünärmen tejribesiniň ýeterlik däldigini pikir edýär, hünärini üýtgetmek isleýän adam bolsa nämäni ilkinji etmeli diýip bilmeýär. Kär basgançagynda ýokarlanmaga umyt edýän işgär bolsa özüni haçan görjekdiklerine garaşýar.
Emma hünär taýdan ösüş köplenç özüňe doly ynam etmekden başlanmaýar. Ol köplenç synanyşmak isleginden başlanýar.
Elbetde, iş berijiniň hökmany talaplary möhümdir. Ýöne esasy başarnyklaryňyz bar bolsa, öwrenmäge taýýar bolsaňyz we wezipäniň aýratynlyklaryna düşünýän bolsaňyz, özüňizi dalaşgärleriň hataryndan öňünden aýyrmaga howlukmaň.
Iberilen rezýume söhbetdeşlige, söhbetdeşlik peýdaly tejribe toplamaga, toplanan tejribe bolsa täze mümkinçiliklere ýol açyp biler.
Uly üýtgeşmeler kiçi ädimlerden başlanýar
Karýerada üýtgeşme gazanmak üçin hemişe işden çykmak, düýbünden täze hünäri özleşdirmek ýa-da düýpli kararlar kabul etmek hökman däl.
Käwagt rezýumäni täzelemek, täze bir programmany öwrenmek, hünär okuwlaryna gatnaşmak ýa-da öňki tejribäňizden biraz tapawutlanýan boş iş ornuna ýüz tutmak hem ýeterlikdir.
Mysal üçin, marketing ugrunda işlemek isleýän, ýöne entek tejribesi bolmadyk adamy göz öňüne getireliň. Ol ilki bilen marketingiň esaslaryny öwrenip, kiçi bir taslama üçin kontent meýilnamasyny taýýarlap we ilkinji iş nusgalaryny toplap biler.
Wagtyň geçmegi bilen onuň bilimleri, özüne bolan ynamy we işe ýerleşmek mümkinçilikleri artar.
Ýoluň başynda ilkinji ädimiň nirä alyp barjakdygyny hiç kim bilmeýär. Ýöne hut şol ädim arkaly indiki ýoly görmek aňsatlaşýar.
Başlangyçlyk täze mümkinçilikleriň gapysyny açýar
Taýýarlyk derejesi meňzeş bolan iki dalaşgäri göz öňüne getireliň.
Birinjisi özüne laýyk işiň hödürlenmegine garaşýar. Ikinjisi bolsa boş iş orunlaryny yzygiderli öwrenýär, rezýume iberýär, täze ugutlar bilen gyzyklanýar we öz başarnyklaryny ösdürmegiň üstünde işleýär.
Ikinji dalaşgäriň gyzykly tekliplere duş gelmek, öz işi barada pikir alyşmak we geljekki iş berijiler bilen tanyşmak mümkinçiligi has ýokarydyr.
Bu, işjeňligiň derrew üstünlik getirjekdigini aňlatmaýar. Emma ol hünär durmuşyňyzy üýtgedip biljek mümkinçilikleri elden gidermezlige kömek edýär.
Hatda işden ýüz dönderilmegi hem peýdaly tejribe bolup biler. Sebäbi bu ýagdaý haýsy bilimleriň ýetmezçilik edýändigine we nämäniň üstünde işlemelidigine düşünmäge mümkinçilik berýär.
Şu gün nämeden başlamaly?
Eger siz hem hünär durmuşyňyzdaky üýtgeşmeleri köp wagt bäri yza süýşürýän bolsaňyz, şu üç sany ýönekeý ädimden başlap görüň:
Maksadyňyzy kesgitläň. Haýsy işe ýerleşmek isleýändigiňizi ýa-da haýsy ugurda ösmegi maksat edinýändigiňizi anyklaň.
Mümkinçilikleriňize baha beriň. Güýçli taraplaryňyzy we ösdürmeli başarnyklaryňyzy kesgitläň.
Ilkinji ädimi ädiň. Rezýumäňizi täzeläň, gyzykly iş orunlaryny gözläň, ýüz tutuň ýa-da täze hünäri öwrenmäge başlaň.
Hemme zady bir günüň içinde üýtgetmäge synanyşmaň. Iň esasy zat — maksadyňyza tarap yzygiderli hereket etmekdir.
Ýoluň öz-özünden açylmagyna garaşmaň
Indiki ädimiňiziň nirä alyp barjakdygyny hiç kim öňünden bilip bilmez. Käwagt meýilnamalaryňyzy üýtgetmeli, täze zatlary öwrenmeli we gaýtadan synanyşmaly bolarsyňyz. Emma hünär tejribesi we täze mümkinçilikler hut şeýle kemala gelýär.
Ähli şübheleriňiz aýrylyp, özüňizi doly taýýar duýjak pursata garaşmaň.
Rezýumeňizi iberiň. Söhbetdeşlige gatnaşyp görüň. Täze başarnygy özleşdiriň. Köp wagt bäri yza süýşürýän işiňize başlaň.
Ädim ätmek üçin ähli ýoly öňünden görmegiň zerurlygy ýok. Käwagt dogry ugry tapmaga hut ilkinji ädim kömek edýär.



