Mebel dizaýneriniň stajýory
4 sagat öň çap edildi
Söhbetdeşlikden soň
Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
Tejribesiz
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat
Wakansiýanyň beýany
Mebel dizaýny ugrunda ösmegi, tejribe toplamagy we toparymyz bilen bilelikde döwrebap mebel döretmegi isleýän täze hünärmeni işe çagyrýarys.
Borçlary:
- Mebel modellerini taýýarlamakda dizaýneriň kömekçisi bolmak;
- Mebelleriň eskizlerini we 3D şekillerini taýýarlamak;
- Hünärmeniň ýolbaşçylygynda çyzgylary we tehniki resminamalary taýýarlamak;
- Materiallary, matalary, furniturany we reňk çözgütlerini saýlamak;
- Müşderiler üçin aýratyn taslamalary taýýarlamaga gatnaşmak;
- Mebelleriň gurluşyny we önümçilik aýratynlyklaryny öwrenmek;
- Baş dizaýneriň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek.
Talaplar:
- Mebel dizaýnyna gyzyklanma we bu ugurda ösmek islegi;
- SketchUp, AutoCAD, 3ds Max ýa-da şuňa meňzeş programmalarda başlangyç başarnyklaryň bolmagy artykmaçlykdyr;
- Giňişlik pikirlenmesi we stil duýgusy;
- Ownuk jikme-jikliklere ünsli, jogapkärçilikli we takyk bolmak;
- Täze programmalary öwrenmäge taýýar bolmak;
- Portfolionyň bolmagy artykmaçlykdyr, ýöne hökmany däl.
Şertler:
- Tejribeli dizaýneriň ýolbaşçylygynda öwrenmek mümkinçiligi;
- Hakyky mebel taslamalarynda tejribe toplamak;
- Hünär we kär ösüşi üçin mümkinçilikler;
- Stajirovkanyň netijesine görä mebel dizaýneri wezipesine işe ýerleşmek mümkinçiligi;
- Iş tertibi we stajirovkanyň şertleri söhbetdeşlikde ara alnyp maslahatlaşylar.

Hamman furniture
9 wakansiýa
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri
Meňzeş wakansiýalar
Ähli 14 →Zähmet haky
Söhbetdeşlikden soň

Hamman furniture
9 wakansiýa
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri

