Skip to content

Grafiki Dizaýner

4 sagat öň çap edildi

4 000 - 5 000 TMT

Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
1–3 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat

Wakansiýanyň beýany

Borçlary

  • Etiketkalaryň, gaplamalaryň (gutularyň) we köp sahypaly poligrafiýa önümleriniň dizaýnyny taýýarlamak.
  • Faýllary tipografiýanyň tehniki talaplaryna laýyklykda barlamak we çap üçin taýýarlamak.
  • Gutularyň konstruktiw maketlerini taýýarlamak, şol sanda bigowka (epilme) çyzyklaryny, bukulma ýerlerini we kesiş konturyny göz öňünde tutmak.
  • Seçiji UV-lak, kongrew, folga bilen gyzgyn nagyş basma we kesiji pyçaklar üçin wektor gatlaklaryny taýýarlamak.

Talaplar

Aşakdaky programmalary hünär derejesinde bilmeli:

  • Adobe Photoshop.
  • Adobe Illustrator.
  • CorelDRAW.
  • Beýleki dizaýn programmalaryny bilmek artykmaçlyk bolar.
  • Häzirki zaman gaplamalarynyň estetikasyna düşünmek.
  • Grafika we şrift dizaýnyndaky häzirki zaman ugurlary bilen işleşip bilmeli.
  • Portfolio bolmaly — mümkin bolsa, işe ýüz tutanyňyzda portfolioňyzy elektron poçta arkaly ibermek maslahat berilýär.

Şertler

🕘 Iş wagty: 6/1, 09:00-dan 17:00-a çenli.
📅 Şenbe güni: 09:00-dan 14:00-a çenli.
🍽️ Nahar: berilýär.
💼 Amatly iş ýeri.
💰 Aýlyk hak wagtynda tölenýär.
👤 Jynsy we propiskasy ähmiýetli däl.
📞 09:00–17:00 aralygynda jaň etmeli.

DR
1 wakansiýa
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri