Skip to content

Şertnamalar boýunça hünärmen

9 sagat öň çap edildi

Söhbetdeşlikden soň

Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
3–5 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat

Iş ornunyň beýany

Borçlary:

  • Ministrlikleriň, halkara guramalarynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň tenderlerini gözlemek we olara gatnaşmak;
  • Tender resminamalaryny we arzalary taýýarlamak hem-de resmileşdirmek;
  • Resminamalary kompaniýanyň beýleki bölümleri bilen ylalaşmak;
  • Şertnamalary taýýarlamak, resmileşdirmek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;
  • Şertnamalaryň ýerine ýetiriliş möhletlerine, töleglere, harytlaryň iberilmegine we degişli namalaryň resmileşdirilmegine gözegçilik etmek;
  • Tenderler we şertnamalar boýunça maglumatlar bazasyny ýöretmek we täzelemek;
  • Resminamalar we täjirçilik meseleleri boýunça üpjün edijiler hem-de öndürijiler bilen aragatnaşyk saklamak;
  • Zerur bolan ýagdaýynda lukmançylyk önümlerini hasaba aldyrmak prosesine gatnaşmak we degişli resminamalary taýýarlamaga ýardam bermek;
  • Geljekde Compliance (laýyklyk gözegçiligi) we hil menejmenti ulgamy ugurlarynda hünär taýdan ösüp ýetişmek mümkinçiligi.

Talaplar:

  • Ykdysadyýet, hukuk, tehniki hünärler ýa-da halkara gatnaşyklary ugry boýunça ýokary bilim;
  • Tenderlere gatnaşmak boýunça tejribe artykmaçlyk bolar, aýratyn-da lukmançylyk, farmasewtika ýa-da üpjünçilik ulgamlarynda;
  • Şertnamalar bilen işlemek we import amallary barada düşünjäniň bolmagy artykmaçlyk bolar;
  • Rus we türkmen dillerini erkin bilmek;
  • Iňlis dilini orta derejede bilmek;
  • Excel, Word we PDF programmalaryny gowy bilmek; 1С we Bitrix24 programmalaryny bilmek artykmaçlyk bolar;
  • Resminamalar we möhletler bilen işleşende ünsli, jogapkärli we takyk bolmak;
  • Aragatnaşyk saklamagy başarmak, ynamly, işjeň we başlangyçly bolmak;
  • Täze ugurlary öwrenmäge we hünär taýdan kämilleşmäge taýýarlyk.

Iş şertleri:

  • Hünär taýdan ösmek we ösüş mümkinçiligi;
  • Okuw we hünär derejesini ýokarlandyrmak;
  • Agzybir iş topary we kärdeşleriň goldawy;
  • Şäher merkezinde amatly ofis;
  • 🍽️ Günortanlyk nahar berilýär.

Esasy başarnyklar

AragatnaşykMS ExcelJikme-jiklige ünslilik

Dil bilimi

1 — conversational2 — conversational3 — conversational
Seda
2 iş orny
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri