Skip to content

Bahalandyryjy

10 sagat öň çap edildi

Söhbetdeşlikden soň

Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
1–3 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat

Iş ornunyň beýany

Borçlary:

  • Dürli görnüşli aktiwleriň bahasyny kesgitlemek: ýaşaýyş, täjirçilik, senagat we oba hojalyk gozgalmaýan emläkleri, ulag serişdeleri, enjamlar, tehnika, kärhanalar we esaslyk maýadaky paýlar;
  • Bahalandyrylýan obýektlere degişli eýeçilik hukugyny tassyklaýan, tehniki, buhgalterçilik we beýleki resminamalary öwrenmek we barlamak;
  • Bahalandyrylýan obýektlere baryp, gözden geçirmek, emlägiň ýagdaýyny we esasy aýratynlyklaryny hasaba almak;
  • Baha kesgitlemek üçin zerur bolan bazar maglumatlaryny, baha tekliplerini we görkezijileri toplamak hem-de seljermek;
  • Bellenilen möhletlerde bahalandyrma hasabatlaryny we degişli hasaplama materiallaryny taýýarlamak, resmileşdirmek we barlamak.

Talaplar:

  • Baha beriji, emlägi bahalandyrmak boýunça hünärmen ýa-da degişli ugurlarda (bazar seljermesi, maliýe, gurluşyk, buhgalterçilik hasaby ýa-da tehniki resminamalar bilen işlemek) tejribe;
  • Gozgalmaýan emläkleriň, ulaglaryň, enjamlaryň ýa-da kärhanalaryň bahasyny kesgitlemegiň esasy ýörelgelerine, şeýle hem bazar maglumatlary bilen işlemek usullaryna düşünmek;
  • Kompýuteri we MS Office programmalaryny, aýratyn-da hasaplamalar üçin Excel we hasabatlary taýýarlamak üçin Word programmalaryny gowy bilmek;
  • Tehniki, eýeçilik hukugyny tassyklaýan we buhgalterçilik resminamalaryny okamagy we seljermegi başarmak;
  • Rus we türkmen dillerini erkin bilmek.

Iş şertleri:

  • Durnukly zähmet haky (aýlyk we höweslendiriş ulgamy dalaşgäriň tejribesine we hünär derejesine görä söhbetdeşlikde ara alnyp maslahatlaşylýar);
  • Aktiwleri we kärhanalary bahalandyrmak ugrunda hünär taýdan ösmek we kämilleşmek mümkinçiligi;
  • Degişli ugur boýunça hünärmenler toparynda işlemek;
  • Işe uýgunlaşmak döwründe we çylşyrymly taslamalaryň üstünde işlenende tejribeli hünärmenleriň hem-de ýolbaşçylaryň goldawy.

Dil bilimi

2 — fluent1 — fluent
Türkmen Baha
7 iş orny
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri

Meňzeş iş orunlary

Ähli 15 →