Buhgalteriň kömekçisi (Gyz-gelinler üçin)
Kompaniýamyzyň buhgalteriýa bölümine resminamalar bilen işlemäge ukyply, takyk we jogapkärli kömekçi gözleýäris.
Esasy wezipeler:
- Ilkinji buhgalterçilik resminamalaryny doldurmak we ulgama girizmek.
- Word, Excel we 1C programmalarynda degişli işleri ýerine ýetirmek.
- Baş buhgalteriň berýän beýleki tabşyryklaryny amala aşyrmak.
Talaplar:
- Bilimi: Ýokary bilimli.
- Tejribesi: Buhgalteriýa ulgamynda öň iş tejribesi bolan.
- Kompýuter başarnygy: Word, Excel we 1C programmalaryny gowy bilmeli.
- Dil ukyplylygy: Rus dilini bilýän (gepleşik we iş ýazuw derejesinde).
- Ýaş çäklendirmesi: 18 – 30 ýaş aralygyndaky gyz-gelinler.
- Şahsy häsiýetleri: Disiplinli (tertipli), takyk we ýokary jogapkärçilikli.
Iş şertleri:
- Iş wagty: 09:00-dan 18:00-a çenli.
- Zähmet haky: 2 500 – 3 000 manat (söhbetdeşligiň netijesine görä).