Skip to content

Buhgalter-Finansist

1 sagat öň çap edildi

Söhbetdeşlikden soň

Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
5+ ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat

Iş ornunyň beýany

Kompaniýanyň maliýe we buhgalteriýa hasabatyny ýöretmek üçin buhgalter-finansist işe çagyrylýar.

Esasy borçlary:

  • Kompaniýanyň ähli maliýe resminamalaryny dogry we öz wagtynda ýöretmek;
  • Girdejileri we çykdajylary hasaba almak;
  • Töleglere, bank we kassa amallaryna gözegçilik etmek;
  • Işgärleriň aýlyk haklaryny, salgytlary we beýleki hökmany tölegleri hasaplamak;
  • Her aý maliýe hasabatlaryny, şol sanda girdeji we çykdajy hasabatyny, balansy we beýleki hasabatlary taýýarlamak;
  • Debitor we kreditor bergilerine yzygiderli gözegçilik etmek;
  • Maliýe resminamalarynyň tertipli saklanmagyny we gizlinligini üpjün etmek;
  • Maliýe maglumatlaryny we hasabatlaryny baş direktora (CEO) hem-de ýolbaşçylyga öz wagtynda hödürlemek.

Talaplar:

  • Buhgalteriýa hasaby ýa-da maliýe ugry boýunça bilim;
  • Buhgalteriýa hasaba alyş ulgamlary bilen işläp bilmek;
  • Microsoft Excel we beýleki Microsoft Office programmalaryny gowy derejede bilmek;
  • Jogapkärli, ünsli we takyk işlemek;
  • Topar bilen işleşmegi başarmak.

Iş tertibi:

  • 🕘 Iş günleri: duşenbe–şenbe (hepdede 6 gün);
  • ⏰ Iş wagty: 09:00–18:00;
  • 📅 Dynç güni: ýekşenbe.