Grafik dizaýner
1 sagat öň çap edildi
3 500 - 5 000 TMT
Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Çeýe, Doly gün
Tejribe
3–5 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat
Iş ornunyň beýany
Borçlary:
- Logotipleri, firma stilini we brendbuklary döretmek.
- Wizitkalaryň, bukletleriň, flaýerleriň, menýularyň, etiketkalaryň we gaplamalaryň dizaýn maketlerini taýýarlamak.
- Sosial ulgamlar (Instagram we beýleki platformalar) üçin postlary we bannerleri dizaýn etmek.
- Daşky mahabatlaryň (bannerler, stendler, orakallar) dizaýnlaryny taýýarlamak.
- Maketleri çapa taýýarlamak (Prepress) we çap talaplaryna laýyk getirmek.
- Müşderileriň isleglerine görä maketlere düzedişleri girizmek.
- Grafiki dizaýn ugry boýunça iş tejribesiniň bolmagy (tejribeli talyp oglan-gyzlar hem ýüz tutup bilerler).
- Adobe Illustrator, Adobe Photoshop we CorelDRAW programmalaryny ýokary derejede bilmek.
- Emeli aň gurallaryndan (ChatGPT, Gemini) peýdalanyp bilmek.
- Çap tehnologiýalarynyň talaplaryna (CMYK, ölçegler, kesim çyzyklary) düşünmek.
- Öz şahsy kompýuteriniň ýa-da noutbugynyň bolmagy (onlaýn işlemek üçin zerur).
- Reňk sazlaşygy, tipografiýa we kompozisiýa boýunça döredijilikli çemeleşmek.
- Jogapkärçilikli bolmak we bellenen möhletleri berk berjaý etmek.
- Iş üçin ýüz tutulanda hökman öz portfoliýaňyzy (öň ýerine ýetiren işleriňiziň nusgalaryny) ibermek.
- Iş ýeri: Aşgabat şäheri, Göwdan «W».
- Öýden ýa-da onlaýn görnüşde işlemek mümkinçiligi bar.
- Iş wagty: Duşenbe – Şenbe, sagat 09:00-dan 19:00-a çenli. Ýekşenbe — dynç güni.
- Talyp ýaşlar üçin iş wagty okuw tertibine görä aýratyn ylalaşylýar.
- Zähmet haky: 3500–5000 manat (iş tejribesine, hünär derejesine we iş tertibine görä kesgitlenilýär).
- Durnukly we wagtynda tölenýän zähmet haky.
- Amatly iş şertleri we hünär taýdan ösmegine mümkinçilik berýän agzybir topar.
Esasy başarnyklar
Adobe IllustratorAdobe PhotoshopCorelDRAWFigmaGrafiki dizaýnBrendingMüşderä gönükdirilen

Takyk binýat
1 iş orny
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri

