Skip to content

Onlaýn satuw we sosial torlar boýunça menejer

2 sagat öň çap edildi

3 000 - 4 000 TMT

Iş görnüşi
Ýarym iş güni
Iş wagty
Uzakdan iş
Tejribe
1-3 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat

Wakansiýanyň beýany

Borçlary:

  • Kompaniýanyň Instagram we TikTok sahypalaryny alyp barmak;
  • Müşderileriň habarlaryna jogap bermek, maslahat bermek we haryt saýlamaga kömek etmek;
  • Müşderi bilen aragatnaşygy zakazyň resmileşdirilmegine çenli alyp barmak;
  • Harytlaryň suratlaryny düşürmek, wideo düşürmek we montaj etmek;
  • Kontent taýýarlamak we sosial torlarda paýlaşmak;
  • Harytlaryň bahalary görkezilen foto-katalogyny döretmek we täzelemek;
  • Mahabatlandyrma we satuwy ýokarlandyrmak boýunça täze pikirleri hödürlemek;
  • Teklipleri ýolbaşçy bilen ylalaşmak.

Talaplar:

  • 20–30 ýaş aralygyndaky gyz;
  • Türkmen we rus dillerini erkin bilmeli;
  • Iňlis dilini bilmek artykmaçlykdyr;
  • Wideo düşürmegi we montaj etmegi başarmaly;
  • Instagram we TikTok bilen işleşmegi bilmeli;
  • Sowatly we sypaýy gepleşik alyp barmaly, satuw başarnygy bolmaly;
  • Işjeň, jogapkärçilikli we topar bilen işleşmegi başarmaly;
  • Bellikleri kabul edip, özüni ösdürmäge taýýar bolmaly.

Şertler:

  • 💰 Aýlyk: 4000 TMT + satuwdan bonuslar;
  • 🏠 Işiň bir bölegi öýden alnyp barylýar;
  • 📍 Wideo düşürmek üçin wagtal-wagtal Aşgabatdaky dükana barmaly;
  • Dükanda hemişe bolmak talap edilmeýär;
  • Iş günleri we wagty — ylalaşyk boýunça.
Ajap
1 wakansiýa
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri