Skip to content

Digital Marketing Specialist

3 sagat öň çap edildi

Söhbetdeşlikden soň

Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
Tejribesiz
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat

Wakansiýanyň beýany

  • Esasy jogapkärçilikler
Kompaniýanyň digital marketing strategiýasyny taýýarlamak we durmuşa geçirmek.
Instagram, TikTok, Google Ads we beýleki platformalarda mahabat kampaniýalaryny dolandyrmak.
Täze müşderileri we satyjylary çekmek üçin marketing kampaniýalaryny döretmek.
Sosial torlar üçin kontent meýilnamasyny taýýarlamak we dolandyrmak.
Banner, post, wideo, reklamalar we beýleki marketing materiallaryny taýýarlamak ýa-da dizaýner bilen bilelikde işlemek.
Brendiň tanalmagyny we kompaniýanyň imijini ösdürmek.
Reklama kampaniýalarynyň netijeliligini seljermek we hasabat taýýarlamak.
Marketing býujetiniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek.
CEO we ýolbaşçylyga marketing hasabatlaryny yzygiderli hödürlemek.
  • Gündelik işler
Reklama kampaniýalaryny gözegçilikde saklamak.
Sosial torlarda kontent taýýarlamak we paýlaşmak.
Marketing statistikalaryny (Google Analytics, Meta Ads Manager we ş.m.) barlamak.
Müşderileriň sosial torlardaky ýüzlenmelerine jogap bermek.
Marketing materiallaryny täzeläp durmak.
  • Hepdelik işler
Reklama netijelerini seljermek.
CEO üçin hepdelik marketing hasabatyny taýýarlamak.
Täze marketing kampaniýalaryny meýilleşdirmek.
Maksatly müşderi toparlaryny (Target Audience) seljermek.
Marketing strategiýasyny kämilleşdirmek.
  • Aýlyk işler
Aýlyk marketing hasabatyny taýýarlamak.
Marketing býujetiniň netijeliligini seljermek.
Geljek aýyň marketing strategiýasyny taýýarlamak.
Reklama kampaniýalaryny optimizasiýa etmek.
Brendi ösdürmek üçin täze teklipleri hödürlemek.
  • Talaplar
Marketing, SMM ýa-da şuňa meňzeş ugur boýunça tejribe.
Meta Ads, Google Ads, TikTok Ads bilen işläp bilmek.
Canva, Microsoft Office we beýleki marketing gurallaryny ulanmagy başarmak.
Analitik pikirlenmek we hasabat taýýarlamak ukyby.
Jogapkärli, döredijilikli we topar bilen işleşmegi başarmak.
  • Iş tertibi
Iş günleri: Duşenbe – Şenbe (hepdede 6 gün)
Iş wagty: 09:00 – 18:00
Dynç güni: Ýekşenbe