Skip to content

SMM hünärmeni (Instagram + TikTok)

3 sagat öň çap edildi

başlap 4 000 TMT

Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
1–3 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat

Wakansiýanyň beýany

SMM hünärmeni (Instagram + TikTok)
Biz — işjeň ykjam goşundysy (mobil programmasy) we hakyky ulanyjylar köpçüligi bolan, çalt ösýän taslama. Biz durmuş ulgamlarynda brendimiziň "sesi" boljak, adamlaryň gyzyklanma bilen görjek we ara alyp maslahatlaşjak kontentini döretjek SMM hünärmenini gözleýäris. Bize ýaş we geljegi uly, özüne ynanýan, açyk, häzirki zaman trendleri duýýan we önümi adamlary özüne çekiji hekaýalara öwrüp bilýän dalaşgärler gyzykly.
Näme işler garaşýar:

  • Instagram we TikTok sahypalaryny alyp barmak: reels, stories, trendler, ýörite rubrikalar. Ideýadan başlap, tä paýlaşylýança doly tapgyry ýerine ýetirmek.
  • Teklipleriň (offerleriň), aksiýalaryň we promouşenleriň işlenip düzülmegine gatnaşmak.
  • Ýkjam goşundydaky (programmadaky) sargytlara gözegçilik etmek (operator hökmünde ähli sargytlaryň wagtynda tassyklanylmagyna seretmek). Hemme zady özümiz öwrederis.
  • Toparda işlemek we öz ideýalaryňy hödürlemek.

Biz kimi gözleýäris:

  • Gowy gabylyýeti we innowasion garaýyşlary (насмотренность) bolan gyz maşgala.
  • Rus (ýazuw we gürleýiş) hem-de türkmen dillerini kämil bilýän bolmaly. Iki dil hem hökmandyr.
  • Trendleri duýmak ukyby, sowatlylyk we wizual (görünüş) sypatyna uly üns bermek.
  • Durmuş ulgamlaryny alyp barmakda tejribe. Portfoliolar ýa-da öňki bitiren işleriňiziň salgylary (ssylkalary) bar bolsa, has-da gowy.
  • Özüne ynamlylyk, başlangyç guramak başarnygy we jogapkärçilik.

Biz näme hödürleýäris:

  • Zähmet haky: söhbetdeşligiň netijelerine görä, tejribäňize we ukybyňyza baglylykda belleniler.
  • KPI görkezijilerini artygy bilen ýerine ýetireniňiz üçin bonuslar, durnukly gowy netijeler görkezilse — wezipäniň we aýlygyň ýokarlanmagy.
  • Döredijilik erkinligi: siziň her bir ideýaňyz ara alyp maslahatlaşmak we durmuşa geçirmek üçin açykdyr.
  • Ýaş topar we siz bilen bilelikde ösýän döwrebap önüm.
  • Brendiň özboluşly "sesini" döretmek we öz ideýalaryňyzy amala aşyrmak mümkinçiligi.

Esasy başarnyklar

DöredijilikKritik pikirlenmekMüşderi çekmekJikme-jiklige ünslilikÖwrenijilikJogapkärçilik

Dil bilimi

2 — fluent1 — conversational
G-Et

Tassyklanan

1 wakansiýa
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri

Meňzeş wakansiýalar

Ähli 11 →