Wakansiýanyň beýany
Ýyladyşhana hasapçysy gerek
🌱 Ýyladyşhana hojalygynda iş
📍 Iş ýeri: Änew
🕗 Iş wagty: 9:00–18:00
💰 Başlangyç aýlyk: 2500 manat, soňra iş netijesine görä ýokarlandyrylyp bilner
🍽 Günortanlyk nahary: berilýär
🚌 Serwis: bar
Borçlar:
— Kärhananyň ýyladyşhanasynyň çäginde amala aşyrylýan maliýe amallarynyň hasabyny ýöretmek
— Girdejileriň we çykdajylaryň hasabyny alyp barmak
— Ilkinji hasap resminamalary bilen işlemek
— Zerur buhgalter hasabatlaryny taýýarlamak
Talaplar:
— Buhgalter hasabynyň esaslaryny bilmeli
— Maliýe resminamalary bilen işläp bilmeli
— Ünsli we jogapkärçilikli bolmaly
— Hasapçy bolup işlän tejribesi bolanlara artykmaçlyk berilýär