Skip to content

Ýumşak mebel ussasynyň kömekçisi

3 sagat öň çap edildi

Söhbetdeşlikden soň

Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
1–3 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat

Wakansiýanyň beýany

Borçlary:

  • Ýumşak mebel öndürmekde ussa kömek etmek.
  • Mata, porolon, sintеpon we beýleki materiallary taýýarlamak.
  • Zerur gurallary taýýarlamak we ussa bermek.
  • Diwanlary, kreslolary we beýleki ýumşak mebelleri ýygnamakda hem-de daşyny örtmekde kömek etmek.
  • Işiň ähli tapgyrlarynda ussanyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek.
  • Iş ýeriniň arassaçylygyny we tertibini saklamak.

Talaplar:

  • Ýumşak mebel ussasy hünärini öwrenmäge isleg.
  • Jogapkärçilikli, ünsli we tertipli bolmak.
  • Fiziki taýdan çydamly bolmak.
  • Toparda işläp bilmek.
  • Bu ugurda iş tejribesi bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär, ýöne hökmany däl.

Şertler:

  • Tejribeli ussanyň ýolbaşçylygynda hünäri öwrenmek mümkinçiligi.
  • Durnukly aýlyk zähmet haky.
  • Mebel önümçiliginde hemişelik iş.
  • Geljekde ussa derejesine çenli hünär taýdan ösmek mümkinçiligi.
  • Iş tertibi we aýlyk zähmet haky söhbetdeşlikde ara alnyp maslahatlaşylýar.
Hamman furniture
7 wakansiýa
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri