Auditor
9 sagat öň çap edildi
Söhbetdeşlikden soň
Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
1–3 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat
Iş ornunyň beýany
Borçlary:
- Müşderileriň (hususy kompaniýalaryň, guramalaryň we döwlet edaralarynyň) maliýe auditini geçirmek we buhgalterçilik hasabatlylygyny barlamak.
- Buhgalterçilik hasabynda we hasabatlylykda hojalyk amallarynyň dogry, doly we ygtybarly görkezilendigini barlamak.
- Ilkinji hasaba alyş resminamalaryny, buhgalterçilik hasabynyň registrlerini, şertnamalary, kontragentler bilen hasaplaşyklary, salgyt we maliýe görkezijilerini seljermek.
- Buhgalterçilik hasabynyň ýöredilişinde we hasabatlylygyň taýýarlanylyşynda ýalňyşlyklary, töwekgelçilikleri, laýyk gelmezlikleri we düzgün bozulmalary ýüze çykarmak.
- Auditorçylyk iş resminamalaryny, maglumatnamalary, seljeriş ýazgylaryny we jemleýji auditor netijenamalaryny hem-de hasabatlaryny taýýarlamak.
Talaplar:
- Auditor, uly buhgalter, maliýe analitigi ýa-da maliýe gözegçiligi we hasabatlylygy boýunça hünärmen hökmünde iş tejribesi.
- Buhgalterçilik hasaby, maliýe hasabatlylygynyň düzülmeginiň ýörelgeleri we audit standartlary boýunça ýokary derejeli bilim.
- Kompýuteri, MS Office programmalaryny (esasanam Excel) we buhgalterçilik / hasaba alyş programmalaryny ynamly ulanmak başarnygy.
- Rus we türkmen dillerini erkin bilmek.
Iş şertleri:
- Durnukly zähmet hakysy. Aýlyk we höweslendiriş ulgamy dalaşgäriň tejribesine we hünär derejesine görä söhbetdeşlikde ylalaşylýar.
- Iş tertibi: duşenbe–anna günleri 09:00–18:00, şenbe güni 13:00-a çenli, ýekşenbe — dynç güni.
- Baha beriş we audit ulgamynda işleýän durnukly, ýöriteleşdirilen kompaniýada agzybir topar bilen işlemek.
- Işiň ähli tapgyrlarynda ýolbaşçy we kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan goldaw we hyzmatdaşlyk.
Dil bilimi
1 — fluent2 — fluent

Türkmen Baha
7 iş orny
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri


