Stanok operatory
1 sagat öň çap edildi
3 000 - 3 500 TMT
Wakansiýanyň beýany
Önümçilik kärhanamyzyň enjamlaryna jogapkärçilikli gözegçilik etjek we önümçilik amallaryny kemsiz ýerine ýetirjek Stanok operatoryny agzybirlikleýin toparymyza çagyrýarys.
Borçlary:
Ýüplik stanoklaryny işe girizmek we kadaly işlemegine yzygiderli gözegçilik etmek;
Stanokda ýüplik üzülen ýagdaýynda ony çalt, takyk we dogry çatmak;
Ýüplik saraçlaryny (bobinalary) wagtynda çalşyrmak we taýýar önümleri soňky tapgyra taýýarlamak;
Stanokda kiçi göwrümli näsazlyklar ýüze çykanda, ussa ýa-da mehanige wagtynda habar bermek;
Enjamlara dogry ideg etmek, zähmet tertibini we tehniki howpsuzlyk kadalaryny doly berjaý etmek.
Talaplar:
Önümçilik enjamlarynda (stanokda) işlemek tejribesi bolan (ýa-da çalt öwrenmäge ukyply);
Ünsli, takyk, çalt hereket edip bilýän we jogapkärçilikli;
Zähmet we howpsuzlyk kadalaryna berk eýerýän.
Ýaş aralygy 18-40
Şertler:
Iş tertibi: Nobatly / 2 çalşykly (12 sagat iş / 24 sagat dynç);
Kärhanada ýatmaga ýer bilen üpjün edilýär;
Ýerleşýän ýeri: Promzone.
Siziň ýüzlenmeleriňize begenç bilen garaşýarys!
Habarlaşmak üçin:
Telefon: +99371468736


