Terjimeçilik býurosyna administrator
3 sagat öň çap edildi
başlap 3 000 TMT
Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
1–3 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat, Änew
Wakansiýanyň beýany
Terjimeçilik býurosyna müşderiler bilen işleşmek we sargytlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin administrator gyz gerek.
Borçlary:
- Müşderileri kabul etmek we terjime hyzmatlary barada maslahat bermek;
- Sargytlary resmileşdirmek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;
- Resminamalary terjimeçilere geçirmek we ýerine ýetiriş möhletlerine gözegçilik etmek;
- Taýýar nusgalar boýunça resminamalary terjime etmek;
- Tölegleri kabul etmek, kassany we esasy hasabatlary ýöretmek;
- Taýýar resminamalary müşderilere gowşurmak we gizlinligi goramak.
Talaplar:
- 20–30 ýaş aralygyndaky gyz;
- Türkmen we rus dillerini hökmany bilmek;
- Sözleýiş we ýazuw medeniýetiniň ýokary bolmagy;
- Kompýuteri, Word we Excel programmalaryny bilmek;
- Jogapkärçilikli, ünsli, dogruçyl we wagtyna takyk bolmak;
- Öwrenmäge we özüni ösdürmäge islegli bolmak;
- Ofisde we müşderiler bilen işlemek tejribesi artykmaçlykdyr;
- Beýleki dilleri bilmek goşmaça artykmaçlyk hasaplanýar.
Iş şertleri:
- 🕘 Iş tertibi: duşenbe–anna günleri 09:00–18:00, şenbe güni 13:00-a çenli;
- 📍 Hasaba alnan ýeri: Aşgabat ýa-da Ahal welaýaty;
- 💰 Başlangyç aýlyk: 3000 TMT;
- Nusga boýunça däl-de, özbaşdak ýerine ýetirilen terjimeler üçin goşmaça töleg berilýär.
Dil bilimi
1 — fluent2 — fluent3 — technical

Ynamly Kepil
2 wakansiýa
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri

