Tehnolog
1 sagat öň çap edildi
başlap 8 000 TMT
Wakansiýanyň beýany
TEHNOLOG
«Arassa Ädim» kärhanasy (PET çüýşelerini gaýtadan işlemek we olardan poliefir süýümini öndürmek boýunça) önümçilik amallaryna gözegçilik etjek we hil standartlaryny saklajak tejribeli Tehnolog gözleýär.
Iş borçlary:
PET çüýşelerini gaýtadan işlemek we poliefir süýümini öndürmek tehnologiýasyna doly gözegçilik etmek.
Önümçiligiň tehnologik rejiminiň berjaý edilmegini we taýýar önümleriň hili boýunça standartlara gabat gelmegini üpjün etmek.
Çig malyň sarp edilişine we önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmaga gözegçilik etmek.
Öndüriliş amalynda ýüze çykan tehniki bökdençlikleri we kemçilikleri wagtynda ýüze çykarmak hem-de aradan aýyrmak.
Bildirilýän talaplar:
Degişli ugur boýunça ýokary ýa-da orta hünär biliminiň bolmagy.
Önümçilikde (plastmassa/PET gaýtadan işlemek ýa-da dokma/poliefir ugrunda) tehnolog bolup işleşen tejribesiniň bolmagy.
Enjamlaryň we önümçilik liniýalarynyň iş ýörelgelerine gowy düşünmegi.
Jogapkärli, durnukly we toparda işläp bilýän bolmaly.
Iş şertleri:
Iş wagty: 09:00 – 18:00
Iş ýeri: Balkan welaýaty Balkanabat Şäheri.
📞 Habarlaşmak üçin: +99371468736


