Skip to content

Ammar müdiri

1 sagat öň çap edildi

başlap 5 000 TMT

Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Çalşykly
Tejribe
1–3 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Änew

Wakansiýanyň beýany

Ammar müdiri (Gijeki çalşyk)

Önümçilik kärhanamyzyň ammar ulgamyny netijeli dolandyrjak, işine jogapkärçilikli we tertipli Ammar müdirini toparymyza çagyrýarys.

Borçlary:

  • Ýüplikleriň, ätiýaçlyk şaýlarynyň (zapçastlaryň) we taýýar önümleriň ammara kabul edilmegine (giriş) hem-de goýberilmegine (çykyş) gözegçilik etmek;

  • Ammardaky harytlaryň sanawyny (inwentarizasiýa) we galyndylaryny yzygiderli barlap durmak;

  • Materiallaryň sarp edilişine gözegçilik etmek we üpjünçilik meýilnamasyny sazlaşdyrmak;

  • Ammarda arassalygy, tertip-düzgüni we harytlaryň ýerleşdiriliş kadalaryny ýokary derejede saklamak.

Talaplar:

  • Degişli ugurda (ammarda) azyndan 1–3 ýyl iş tejribesi;

  • Ýaş aralygy: 20–40 ýaş;

  • Ýokary jogapkärçilik, zähmet tertip-düzgünini berjaý etmek we komandada netijeli işleşmek ukyby;

  • Ünsli, takyk we hasap-hesibe başarnykly bolmak.

Şertler:

  • Gijeki çalşyk: 20:00 – 08:00;

  • Iş tertibi: 6/1;

  • Ýatmaga ýer üpjün edilýär;

Siziň rezyumeňize (CV) we ýüzlenmeleriňize begenç bilen garaşýarys!

Habarlaşmak üçin:

Telefon: +99371468736