Skip to content

Ösüş boýunça hünärmen talap edilýär

1 sagat öň çap edildi

Söhbetdeşlikden soň

Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
3–5 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat

Wakansiýanyň beýany

Ösüş boýunça hünärmen talap edilýär

📍 Iş ýeri: Aşgabat şäheri, şäher merkezindäki ofis

Borçlar we hünär talaplary

Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygy, önümleri sertifikatlaşdyrmak we daşary ykdysady işiň talaplaryny gowy bilýän, ösüş ugrunda iş tejribesi bolan hünärmen gözlenýär.
Kanditada bildirilýän talaplar:
  • Ýokary bilim: hukuk, ykdysadyýet ýa-da tehniki ugur boýunça.
  • Ösüş ugrunda 3–5 ýyl iş tejribesi.
  • Aşgabat şäherinde ýaşamak. Ýaşaýan ýeri boýunça bellige alnyşyň ähmiýeti ýok.
  • Türkmen we rus dillerini gowy bilmek, dilden we ýazmaça sowatly geplemek.
  • Iňlis dilinde ýazyp bilmek artykmaçlyk hasaplanýar.
Hökmany hünär bilimleri we iş tejribesi:
  • Türkmenistanyň Gümrük kodeksi we gümrük resmileşdirilişi.
  • ГОСТ/СТ РК döwlet standartlary, önümleri sertifikatlaşdyrmak we standartlaşdyrmak.
  • Azyk önümleriniň hiline we azyk howpsuzlygyna bildirilýän talaplar.
  • ISO 9001 hil dolandyryş ulgamy we beýleki meňzeş standartlar.
  • Türkmenistanda işiň dürli görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak.
  • Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň düzgünleri we kadalary.
  • Türkmenistanyň daşary ykdysady iş babatyndaky kadalaşdyryjy hukuk binýady.
Şahsy häsiýetleri:
  • Ünsli we ulgamlaýyn pikirlenmek ukyby.
  • Jogapkärçilikli bolmak we netijä gönükmek.
  • Köp möçberli resminamalar bilen işlemek başarnygy.

Biz hödürleýäris

💰 Zähmet haky — söhbetdeşligiň netijesine görä kesgitlenýär.
🏢 Aşgabat şäheriniň merkezinde amatly ofis.
📄 Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda doly durmuş üpjünçiligi.
🗓 Iş tertibi:
  • Duşenbe–Anna: 09:00–18:00.
  • Şenbe: 13:00-a çenli.

Nädip ýüz tutmaly?

📧 CV-ňizi şu elektron poçta iberiň: hr_manager66@outlook.com
Diňe tassyklanan dalaşgärlere jogap berler.

Dil bilimi

1 — fluent2 — fluent3 — fluent
TH
6 wakansiýa
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri