Skip to content

Onboarding & Sales Specialist

3 sagat öň çap edildi

Söhbetdeşlikden soň

Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
5+ ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat

Wakansiýanyň beýany

  • Esasy jogapkärçilikler
Täze zawodlary, dillerleri, distribýutorlary we lomaý satyjylary platforma çekmek.
Täze Satyjylar bilen aragatnaşyk gurmak we hyzmatdaşlyk boýunça gepleşik geçirmek.
Platformanyň artykmaçlyklaryny, iş modelini we hyzmatlaryny düşnükli düşündirmek.
Satyjylary platformada hasaba almak we onboarding işlerini doly alyp barmak.
Supplierleriň (satyjylaryñ) ilkinji sargytlaryny alyp başlamagyny we işjeň satyja öwrülmegini üpjün etmek.
Bar bolan supplierler bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamak we satuw möçberini artdyrmak.
CEO we ýolbaşçylyga onboarding hem-de satuw boýunça hasabatlary yzygiderli hödürlemek.
  • Gündelik işler
Täze potensial supplierleri gözlemek we olar bilen habarlaşmak.
Supplierler bilen duşuşyklary geçirmek (online ýa-da oflaýn).
Supplierleri platformada hasaba almak.
Kataloglary, bahalary we haryt maglumatlaryny täzelemek.
Sargytlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek.
Täze satuw mümkinçiliklerini gözlemek.
  • Hepdelik işler
Täze çekilen supplierler boýunça hasabat taýýarlamak.
Satuw netijelerini seljermek.
Işjeň däl supplierler bilen gaýtadan aragatnaşyk gurmak.
Täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini gözlemek.
CEO üçin hepdelik onboarding we satuw hasabatyny taýýarlamak.
  • Aýlyk işler
Aýlyk onboarding we satuw hasabatyny taýýarlamak.
Täze supplierleri çekmek strategiýasyny taýýarlamak.
Satuw görkezijilerini (KPI) seljermek.
Supplierleriň işjeňligini bahalandyrmak.
Geljek aý üçin ösüş meýilnamasyny taýýarlamak.
  • Talaplar
Satuw, B2B, onboarding ýa-da müşderiler bilen işlemek ugrunda tejribe.
Gepleşik geçirmek we ynandyrmak ukyby.
Microsoft Office programmalary bilen işläp bilmek.
Jogapkärli, aragatnaşyga ukyply we netijä gönükdirilen bolmak.
Topar bilen netijeli işleşmek ukyby.
  • Iş tertibi
Iş günleri: Duşenbe – Şenbe (hepdede 6 gün)
Iş wagty: 09:00 – 18:00
Dynç güni: Ýekşenbe