Skip to content

Logist

Düýn çap edildi

başlap 2 000 TMT

Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
Tejribesiz
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat

Iş ornunyň beýany

Kompaniýa: «Ganatly Gumry» ulag-ekspeditorçylyk kompaniýasy.

Kompaniýa Merkezi Aziýa ýurtlaryna, Russiýa we Türkiýä awtoulag arkaly doly we toplumlaýyn ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýär.
Borçlar:

  • Awtoulag arkaly ýük daşamalary guramak we utgaşdyrmak;
  • Müşderiler we ýük daşaýjylar bilen işleşmek;
  • Ýükleriň eltiliş prosesine gözegçilik etmek;
  • Sargytlaryň ýerine ýetirilişine we ýükleriň bellenen möhletde eltilmegine gözegçilik etmek;
  • Gepleşikleri geçirmek we işewür gatnaşyklary ýola goýmak.

Talaplar:

  • 27–35 ýaş aralygyndaky aýal dalaşgärler;
  • 2–3 aýdan az bolmadyk iş tejribesi bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär;
  • Iş tejribesi bolmadyk, ýöne logistika ulgamynda öwrenmäge we hünärmen bolup ýetişmäge uly islegi bolan dalaşgärlere hem mümkinçilik berilýär;
  • Kompýuteri we interneti ynamly ulanmagy başarmak;
  • Sözleýiş medeniýetiniň ýokary bolmagy we sypaýy bolmak;
  • Rus we türkmen dillerini hökmany bilmek (beýleki dilleri bilmek artykmaçlyk hasaplanýar);
  • Dogruçyl, jogapkärçilikli we adamlar bilen gowy aragatnaşyk saklap bilýän bolmak.

Iş şertleri:

  • Doly iş güni;
  • Okuw we hünär taýdan goldaw berilýär;
  • Korporatiw mobil aragatnaşyk üpjün edilýär;
  • Agzybir işgärler topary we amatly iş şertleri;
  • Esasy aýlyk + meýilnamanyň ýerine ýetirilmegi üçin baýrak + çäklendirilmedik göterim;
  • Iş tertibi: Duşenbe–Anna, 09:00–18:00; Şenbe güni 13:00-a çenli;
  • Iş ýeri: Gurtly ýaşaýyş toplumy.

Nädip ýüz tutmaly?
Dalaşgärligiňize garalmagy üçin aşakdaky salgylanma arkaly anketany doldurmagyňyz zerur:
https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSePC1TWHclLFf0rC-pq7pDr6Rtu0aOxczz_-skPPohzpCxZgg/viewform?usp=header

Umyt
1 iş orny
Isgar-da 2025-njy ýyldan bäri