Kara sürüjisi
1 sagat öň çap edildi
başlap 3 500 TMT
Wakansiýanyň beýany
Çarşykly ýük ýükleýjiniň sürijisi (Kara)
Önümçilik kärhanamyzda önüm hem-de çig mal gatnatmak işlerini jogapkärçilikli alyp barjak Çarşykly ýük ýükleýjiniň sürijisini (Kara) agzybirlikleýin toparymyza çagyrýarys.
Borçlary:
Çig mallary ammar we sehler arasynda wagtynda daşamak hem-de üpjün etmek;
Önümleri ammardardan sehlere we sehlerden ammara gatnatmak;
Taýýar önümleri ýük ulaglaryna ýüklemek we düşürmek işlerini amala aşyrmak;
Biriktirilen ulagy (karany) aýawly, arassa we abat saklamak, tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek.
Talaplar:
Çarşykly ýük ýükleýjini (kara) sürmek ugrunda 1–3 ýyl iş tejribesi (hökman);
Jogapkärçilikli, tertipli we topar (komanda) bilen işleşmek ukyby bolan;
Tehniki howpsuzlyk kadalaryny berk berjaý edýän.
Şertler:
Iş wagty (Gijeki çalşyk): 20:00 – 08:00;
Iş tertibi: Gijeki smenada;
Kärhanamyzda durnukly zähmet şertleri kepillendirilýär;
Siziň ýüzlenmeleriňize begenç bilen garaşýarys!

