Skip to content

Dükanyň buhgalteri / 1С operatory gerek

9 noýabr 2026 çap edildi

4 000 - 10 000 TMT

Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
3–5 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat

Iş ornunyň beýany

Kompaniýa: MPOWER

Ýerleşýän ýeri: Ak Tam
Iş ugry: Elektrik enjamlary, energetika we gurluşyk
Iş görnüşi: Doly iş güni
Borçlary:

  • Dükanyň buhgalterçilik hasabatyny 1С programmasynda ýöretmek.
  • Hasap-fakturalary taýýarlamak we töleglere gözegçilik etmek.
  • Harytlaryň gelip gowşuşyny we çykdajysyny hasaba almak, haryt hereketine gözegçilik etmek.
  • Üpjün edijiler bilen işleşmek we maliýe resminamalaryny taýýarlamak.
  • Girdeji we çykdajylar boýunça hasabatlary taýýarlamak.
  • Dükanyň satuwlaryny hasaba almak we gözegçilikde saklamak.

Talaplar:

  • Buhgalteriýa boýunça azyndan 2 ýyl iş tejribesi.
  • Dükanda ammar hasabatyny ýöretmek boýunça tejribe.
  • 1С programmasyny gowy bilmek.
  • MS Office programmalaryny, esasan hem Excel-i bilmek.
  • Ünsli, jogapkärçilikli we tertipli bolmak.
  • Elektrik enjamlary, energetika ýa-da gurluşyk pudagyndaky iş tejribesi artykmaçlyk hasaplanýar.

Artykmaçlyklar:

  • 1С-den başga buhgalterçilik programmalary bilen iş tejribesi.
  • Elektrik enjamlary, energetika ýa-da gurluşyk materiallary satylýan dükanlarda buhgalterçilik we ammar hasabaty boýunça tejribe.

Esasy başarnyklar

AragatnaşykKritik pikirlenmekMS Excel1C BuhgalteriýaJikme-jiklige ünslilikKöp wezipeli işMüşderä gönükdirilenÖwrenijilik
MPower
4 iş orny
Isgar-da 2025-njy ýyldan bäri