Skip to content

Sürüji öz ulagynda

3 gün öň çap edildi

Ylalaşyk boýunça

Iş görnüşi
Taslama işi, Doly iş güni
Iş wagty
Çeýe
Tejribe
3–5 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat

Wakansiýanyň beýany

Syýahatçylyk kompaniýasyna syýahatçylar bilen işlemek üçin öz 4×4 awtoulagy (jip) bolan sürüji gerek. Sedan awtoulaglar kabul edilmeýär.
Wezipe borçlary:
• Syýahatçylar bilen çöllük we ýolsuz ýerler boýunça saparlar (Derweze, Garagum, dag ugurlary)
• Myhmanlary howa menzilinde garşylamak we ugratmak, Aşgabat boýunça transferler
• Awtoulagy arassa we tehniki taýdan sazlakly saklamak
• Myhmanlar bilen edepli gatnaşyk, saparlaryň tertibini berjaý etmek
Talaplar:
• Tehniki taýdan gowy ýagdaýdaky öz 4×4 awtoulagy 
• B kategoriýaly sürüjilik şahadatnamasy, azyndan 3 ýyl tejribe
• Çägelik we ýolsuz ýerlerde sürmek tejribesi
• Ýurt boýunça ýollary gowy bilmek
• Wagtynda gelmek, arassa daş görnüş, zyýanly endiklerden azat
• Türkmen we rus dillerini bilmek; iňlis dili peydaly eger bar bolsa. 
Şertler:
• Her sapar / gün üçin töleg
• Syýahat möwsüminde yzygiderli sargytlar
• Çeýe iş tertibi, sargyt boýunça iş

Dil bilimi

1 — conversational2 — conversational

Sürüjilik şahadatnamasy

B
Täsin ada Syỳahat
2 wakansiýa
Isgar-da 2025-njy ýyldan bäri