Skip to content

Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça inžener

1 sagat öň çap edildi

Söhbetdeşlikden soň

Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Çalşykly
Tejribe
5+ ýyl
Ýerleşýän ýeri
Balkanabat

Iş ornunyň beýany

📍 Iş ýeri: Hazar şäheri
📅 Iş tertibi: 15/15

Borçlary:

  • Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça çäreleri işläp düzmek we durmuşa geçirmek;
  • Işgärlere howpsuzlyk düzgünleri boýunça düşündiriş we okuw sapaklaryny geçirmek;
  • Tehniki howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişini barlamak we audit geçirmek;
  • Betbagtçylykly hadysalaryň sebäplerini seljermek we olaryň öňüni almak boýunça çäreleri işläp düzmek;
  • Gözegçilik edaralary bilen özara işleşmek.

Talaplar:

  • Zähmeti goramak, inženerçilik ýa-da degişli ugurlar boýunça ýokary bilim;
  • Iň azyndan 5 ýyl iş tejribesi;
  • Zähmeti goramak boýunça hereket edýän kanunçylygy bilmek;
  • Döwlet standartlary tarapyndan berlen, hereket edýän tehniki howpsuzlyk boýunça şahadatnamanyň bolmagy;
  • Resminamalar bilen işlemek we hasabat taýýarlamak başarnygy;
  • Jogapkärçilik we guramaçylyk ukyby ýokary bolan erkek adam;
  • Çalşykly iş tertibinde işlemäge taýýar bolmak;
  • Iňlis dilini hökmany bilmek.
"Sada Ulgam"
2 iş orny
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri