Skip to content

Marketolog

3 sagat öň çap edildi

başlap 4 000 TMT

Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
1–3 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat

Wakansiýanyň beýany

Marketing we SMM boýunça hünärmen

Kärhanamyzyň ösüşine we döredijilik taslamalaryna goşant goşjak, öz işine jogapkärçilikli hem-de işjeň Marketing we SMM hünärmenini agzybir toparymyza çagyrýarys.

Borçlary:

  • Sosial media sahypalaryny alyp barmak;

  • Üns çekiji, gyzykly we özboluşly kontentleri döretmek, taýýarlamak hem-de ýerleşdirmek;

  • Marketing taslamalaryna we mahabat çärelerine goldow bermek;

  • Täze pikirleri öňe sürmek, döredijilikli we guramaçylykly çemeleşmeleri ornaşdyrmak.

Talaplar:

  • Marketing, SMM ýa-da degişli ugurlar boýunça azyndan 1 ýyl iş tejribe;

  • Türkmen, rus we iňlis dillerini erkin bilmek (aragatnaşyk we kontent döretmek üçin);

  • Canva programmasynda erkin işläp bilmek başarnygy;

  • Döredijilik ukyby, guramaçylykly we işe döredijilikli çemeleşmek başarnygy;

  • Jogapkärçilikli, ünsli we komandada işläp bilmek.

Şertler:

  • Iş tertibi: (09:00 - 18:00);

  • Durnukly we birek-birege hormat goýulýan korporatiw gurşaw;

  • Günortanlyk nahar bilen üpjün edilýär;

Siziň rezyumeňize (CV) garaşýarys!

📧 Habarlaşmak üçin:

E-mail: career@awtoyoly.com

Telefon: +99371468736

Dil bilimi

1 — basic2 — fluent3 — conversational

Meňzeş wakansiýalar

Ähli 16 →