Skip to content

Satyn alyş boýunça hünärmen

3 sagat öň çap edildi

Söhbetdeşlikden soň

Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat

Wakansiýanyň beýany

  • Esasy jogapkärçilikler
Platforma gelen sargytlar boýunça lomaý bazarlardan (jygyllyk) harytlary satyn almak.
Jygyllyk bazarlardan iň amatly baha bilen haryt gözlemek we satyn almak.
Zawodlar, dillerler, distribýutorlar we lomaý satyjylar bilen bahalar boýunça gepleşik geçirmek.
Satyn alnan harytlaryň hilini we mukdaryny barlamak.
Harytlary öz wagtynda ýygnap, logistika bölümine tabşyrmak.
Satyn alyş çykdajylaryny azaltmak we kompaniýa üçin iň bähbitli bahalary gazanmak.
CEO we ýolbaşçylyga satyn alyş boýunça hasabat taýýarlamak.
  • Gündelik işler
Platforma gelen täze sargytlary kabul etmek.
Jygyllyk bazarlary aýlanyp, gerekli harytlary gözlemek.
Bahalary deňeşdirmek we iň amatly üpjün edijini saýlamak.
Harytlary satyn alyp, ýygnamak.
Satyn alnan harytlary barlamak we logistika bölümine tabşyrmak.
Satyn alyş maglumatlaryny hasaba almak.
  • Hepdelik işler
Satyn alnan harytlar boýunça hasabat taýýarlamak.
Täze üpjün edijileri gözlemek.
Bahalary seljermek we tygşytly satyn alyş mümkinçiliklerini gözlemek.
CEO üçin hepdelik satyn alyş hasabatyny taýýarlamak.
  • Aýlyk işler
Aýlyk satyn alyş hasabatyny taýýarlamak.
Satyn alyş çykdajylaryny seljermek.
Täze üpjün edijiler bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmek.
Geljek aý üçin satyn alyş meýilnamasyny taýýarlamak.
  • Talaplar
Satyn alyş, üpjünçilik ýa-da lomaý söwda ugrunda iş tejribesi.
Jygyllyk bazarlary we lomaý söwda ulgamyny gowy bilmek.
Bahalar boýunça gepleşik geçirmegi başarmak.
Jogapkärli, çalasyn we netijä gönükdirilen bolmak.
Topar bilen netijeli işleşmek ukyby.
  • Iş tertibi
Iş günleri: hepdede 4 gün
Iş wagty: 08:00 – 16:00

Dil bilimi

1fluent2conversational