ARSL toparymyza goşulmak üçin satuw boýunça maslahatçy gözleýär 💄
2 sagat öň çap edildi
başlap 3 000 TMT
Wakansiýanyň beýany
GYZGALA toplumyndaky ARSL kosmetika dükany üçin beauty-sfera bilen gyzyklanýan, adamlar bilen arkaýyn aragatnaşyk saklap bilýän we döwrebap, owadan iş gurşawynda işlemek isleýän işgär gözleýäris.
Biziň üçin işgäriň açyk häsiýetli, arassa we tertipli bolmagy, müşderilere haryt saýlamakda kömek edip bilmegi hem-de kamera öňünde özüni arkaýyn alyp barmagy möhümdir.
Biz üçin möhüm talaplar:
— Rus dilini erkin bilmeli
— Türkmen dilini bilmek artykmaçlykdyr
— Daşky görnüşine üns berýän, arassa we tertipli bolmaly
— Jogapkärçilikli we wagtyna takyk bolmaly
— Adamlar bilen aňsat we hoşniýetli aragatnaşyk saklamagy başarmaly
— Kosmetika we beauty-sfera bilen gyzyklanmaly
— 10:00-dan 20:00-a çenli doly iş tertibinde işlemäge taýýar bolmaly
— Sosial torlar üçin düşürilýän wideolara gatnaşmaga isleg bildirmek uly artykmaçlykdyr
Biz näme hödürleýäris:
— Durnukly aýlyk + bonuslar
— GYZGALA toplumyndaky ARSL dükanynda iş
— Ýakymly iş gurşawy we döwrebap iş ýeri
— Işiň netijesine görä gowy girdeji gazanmak mümkinçiligi
— Brendiň ösüşine, surata düşürilişlere we kontent taýýarlamaga gatnaşmak mümkinçiligi
— Işjeňlige we müşderiler bilen gowy gatnaşyga ähmiýet berýän topar
Satuw ýa-da kosmetika pudagynda iş tejribäniň bolmagy artykmaçlykdyr. Ýöne biz üçin häsiýet, işlemek islegi we täze zatlary çalt öwrenmek ukyby hem örän möhümdir.
Eger beauty-sfera size ýakyn bolsa we diňe «satuw nokadynda» işlemek däl-de, ösüp barýan brendiň bir bölegi bolmak isleýän bolsaňyz — bize Direct arkaly ýazyň.
ARSL — siziň bilen tanyşmaga şat! 🤍
Esasy başarnyklar
Dil bilimi
Iş ýeri
Kartada açmak
Tassyklanan

