Müşderiler bilen işlemek we gelýän ýüz tutmalary utgaşdyrmak üçin jogapkär we aragatnaşyk ukyby ýokary bolan koordinatory gözleýäris.
👤 Talaplar
🇹🇲 Türkmen dilini gowy bilmeli
🇹🇷 Türk dilini örän gowy bilmeli — hökmany talap
🇷🇺 Rus dilini bilmeli
🇬🇧 Iňlis dilini bilmeli
WhatsApp programmasyndan ýokary derejede peýdalanmagy başarmaly
Müşderiler bilen sowatly, medeniýetli we sypaýy aragatnaşyk saklamaly
Jogapkärçilikli, ünsli we çalt hereket edip bilmeli
Güler ýüzli we adamlar bilen işleşmegi başarmaly
💼 Borçlary
Kompaniýanyň iş toparlaryndaky WhatsApp habarlaryna yzygiderli gözegçilik etmek
Müşderileriň we hyzmatdaşlaryň ýüz tutmalaryna wagtynda jogap bermek
Hiç bir müşderiniň habaryny jogapsyz goýmazlyk
Zerur ýagdaýlarda soraglary degişli jogapkär işgärlere ugrukdyrmak
Özüne degişli edilen müşderiler bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamak
Müşderiniň islegine düşünip, degişli hyzmatlary teklip etmek
Kompaniýanyň hyzmatlaryny dogry hödürlemek we satmagy başarmak
Müşderileriň soraglaryna düşnükli we sabyrly jogap bermek
Ýokary derejeli hyzmaty üpjün etmek we müşderiler bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary gurmak
🕘 Möhüm maglumat
Iş wagty gutarandan soň hem WhatsApp-daky möhüm habarlara gözegçilik etmeli
Özüne degişli müşderiler ýüz tutanda, wagtynda jogap bermeli
Gelýän ähli ýüz tutmalary soňuna çenli alyp barmaly we çözülmegini üpjün etmeli
⭐ Biz nähili adamy gözleýäris?
Jogapkärçilikli • Çalt jogap berýän • Güler ýüzli • Sabyrly • Medeniýetli gürleşýän • Satyş ukyby bolan • Işjeň • Toparda işleşmegi başarýan • Müşderä hormat goýýan 📌 Türk dili aýratyn möhüm we hökmany talaplaryň biridir. Eger siz müşderiler bilen işleşmegi halaýan, adamlara gowy düşündirip bilýän we jogapkärçilikli adam bolsaňyz, CV-niňizi bize iberiň.