Açar sözi unutdym — näme etmeli
Wajyp · 31 iýul 2026 täzelendi1 min
- Giriş ekranynda «Açar sözi unutdyňyzmy?» düwmesine basyň.
- Hasabyň hasaba alnan telefon belgisini giriziň.
- Bir gezeklik kod bilen SMS gelýänçä garaşyň.
- Kody giriziň we täze açar sözi belläň.
SMS gelmeýär
- Belgini barlaň: ol ýurduň kody bilen bolmaly — +993.
- 1–2 minut garaşyň, käwagt gowşuryş gijikýär.
- Telefonda tor barlygyna we ýadyň dolmandygyna göz ýetiriň.
- Eger kody yzly-yzyna birnäçe gezek sorabn bolsaňyz — birazajyk garaşyň, gaýtalanýan soraglar wagtlaýyn çäklendirilýär.
Eger kod bäş minutdan soň hem gelmedik bolsa — goldaw gullugyna ýazyň we telefon belgiňizi görkeziň.
Belgi indi elýeterli däl
Bu ýagdaýda SMS arkaly girişi dikeldip bolmaýar. Goldaw gullugyna ýüz tutuň — hasabyň siziňkidigini tassyklamaga we girişi dikeltmäge kömek ederis.
Açar sözi çalşandan soň
Howpsuzlyk sebäpli beýleki enjamlardaky giriş ýatyrylýar. Eger siz programmadan hem, saýtdan hem peýdalanýan bolsaňyz — täze açar sözi bilen gaýtadan giriň.
Makala meseläňizi çözmäge kömek etdimi?