Täzelikler

Täze işe girmekçimi? Onda ilkinji söhbetdeşlige «Işgär» bilen taýýarlan!

Täzelikler - 11 08 2023

Täze işe girmekçimi? Onda ilkinji söhbetdeşlige «Işgär» bilen taýýarlan! surady

Her pudagyň öz aýratynlyklary bar. Bu aýratynlyklary we inçelikleri bilmek iş berijiň göwnünden turmaga mümkinçilik berýär. Bu aýratynlyklar islendik pudakda hem bar. Soňky döwürlerde bazar ykdysadyýetine bazar ykdysadyýetiniň ösmegi bilen kompaniýalar adamlaryň ukyp-başarnyklaryna has köp üns berip başladylar. Şeýle ýagdaýda olar işsoraýan bilen Işleýän hünärleriň arasynda we hyzmat pudagynda-da bar. Bu ýagdaýda ýokary bilimden, tejribeden ilki başarnygyňa seredilýär. Bu babatda geljekki ýolbaşçylaryňyzyň ilkinji gepleşikden göwnünden turmak hökmanydyr.Şonuň üçin hem «Işgär» siziň karýeraryňyzyň ösmegine kömek berjek aşakdaky alty maslahaty hödürleýär.

1.      CV-ni takyk dolduryň.

Işe gürleşmäne barmazdan ozal, geljekki iş ýeriňize siziň CV-ňiz barýar. Şonuň üçin hem ony dogry doldurmalydygyňyzy ýatdan çykarmaň. Bu resminamany doly we dogry doldurmak hökmandyr. CV dolduranyňyzda başarýan zatlaryňyzyň ählisini jikme-jik ýazyň. Ýekeje zat hem sypdyrmaň. Iş berijileriň siz babatdaky ilkinji garaýyşy bu resminamanyň üsti bilen kemala gelýändir. Şonuň üçin hem özüňizi öwüň (emma gaty öwüp, hakykatdan gaty daşlaşmaň).

2.      Özüňi görkezmäge taýýar bol

CV-ňiz bilen tanyşan iş berijiler sizi halanlaryndan soňra duşuşyga çagyrarlar. Ilkinji duşuşykda özüňizi görkezmäge taýýar boluň. Mysal üçin, siz barista bolsaňyz, kofe taýýarlap bermegiňizi, dellekçi bolsaňyz, saç oňarmagyňyzy, žurnalist bolsaňyz bir tema boýunça makala ýazmagyňyzy haýyş ederler. Şonda öňünden taýýarlanyp,özüňizi görkezmeli bolarsyňyz. Olara sizi işe almakdan başga çykalga goýmaň.

3.      Iş berijiler bilen obýektiw gatnaşyk saklaň.

Ukyp-başanyklaryňyzy köpeltmäňem, azaltmaňam. Siz ilkinji iş ýeriňize dalaş edýän bolsaňyz, onda bu barada ýolbaşçylaryňyzdan gizlemän aýdyň. Şol bir wagtyň özünde özüňizi gaýgyrman işlejekdigiňizi, bu ugurda üstünlik gazanmak isleýändigiňizi beýan ediň. Kähalatlarda, hyjuwly işgär tejribeli hünärmenden has köp peýda getirýär. Şeýle-de bir zat oňarýan bolsaňyz gizlemän aýdyň.

4.      Kämilleşmäge taýýardygyňyzy beýan ediň

Iş berijiler kämilleşmäge taýýar işgärleri gowy görýärler. Mysal üçin, ýurduň jümmüşindäki montažçy ýa-da programma düzüji bilen paýtagtymyzdaky öňdebaryjy hojalyk jemgyýetlerinde zähmet çekýän hünärmenleriň iş ülňüleri köp babatda deň däldir. Şonuň üçin siz hem täze barýan iş ýeriňizden näme öwrenip, haýsy ugur babatda kämilleşip biljekdigiňizi beýan ediň. Şeýle ýagdaýda iş berijileriňiziň siz babatdaky pikiri hem üýtgär.

5.      Sypatyňyza ünsli serediň

Oňatja ütüklenen eşik, daralan saç hiç bir ýagdaýda unudylmaly däldir. Öňünden haýsy eşikleriň sazlaşygyny geýjekdigiňizi kesgitläň. Baranyňyzda egniňizi gysmaň. Özüňizi ynamly alyp baryň. Çalaja ýylgyrmagy hem ýatdan çykarmaň. Gürrüňiň yzygiderliligine hem gözegçilik ediň.

6.      Hünär ukyp-başarnyklaryňyz bilen birlikde şahsy häsiýetleriňiz hem köp zady çözýär

Siziň geljekki iş berijileriňiz üçin şahsy ahlak, medeni ýagdaýyňyz hem köp rol oýnaýar. Hakykatdan hem, siz bir adam bilen ilkinji gezek görşeniňizde onuň näme oňarýandygy ýa-da nirede işleýändigi bilen gyzyklanmaýarsyňyz. Siz olar baradaky netijäni nähili gürleýäninden, häsiýetiniň ýakymly ýa-da ýakymly däldigi bilen kesgitleýärsiňiz.Şonuň üçin hem iş berijileriňiz bilen ilkinji duşuşykda özüňizi gowy tarapdan mähirli görkeziň. Şeýle ýagdaýda siz arzuw edýän işiňize eýe bolup bilersiňiz.