Köp berilýän soraglar

Köp berilýän soraglar

  • «Işgär» platformasynda iş gözlemegiň birnäçe artykmaçlyklary bar. Ilki bilen, adatça iş tapyp berýän agentlikler Siziň ilkinji aýlygyňyzyň 50 göterimini töleg hökmünde alýarlar. Şol bir wagtyň özünde işlejek ýeriňizi hem Siziň özüňiz saýlap bileňizok. «Işgärde» bu zatlaryň ählisi tersine. Bu ýerde nirede we kim bolup işlejekdigiňizi Siziň özüňiz kesgitleýärsiňiz. Siziň tapan işiňizden «Işgär» hiç-hili töleg alanok. Gazananyňyzyň ählisi özüňize! Şeýle-de «Işgärde» Siz iş berijiler bilen birnäçe gezek duşuşyp, wagtyňyzy sarp etmeli däl. Siziň saýtda taýýar anketalaryňyz (CV) durýar. Siz bilen gyzyklanan iş berijiler anketaňyzy görüp, siziň ukyp-başarnyklaryňyza göz ýetirýär. Siz bilen «wirtual» ýagdaýda tanyşýar. Siz iş beriji bilen gürleşmäge baranyňyzda gaýtadan özüňizi görkezmek gerek däl.
  • • «Işgäriň» saýtyna girseňiz siziň öňüňizde esasy sahypa açylýar. 

    • Sahypanyň sag tarapynda Giriş düwmesi bar. Onuň üstüne bassaňyz, öň sahypaňyz ýok bolsa, size saýta agza bolmak teklip edilýär. 

    • Siz saýtda sahypaňyzy döretmek üçin SMS, ýagny telefon belgiňizi ýa-da e-poçtaňyzy peýdalanyp bilersiňiz. Poçta ýa-da SMS saýlanyňyzdan soňra size açarsözi ugradylar. Şeýlelik bilen siz Işgärde sahypaňyzy üstünlikli döretmäge girişdiňiz. 

    • Soňra siziň öňüňizde Esasy maglumatlar sahypasy açylar. Bu ýerde Siz adyňyzy, familiýaňyzy, ataňyzyň adyny girizip, raýatlygyňyzy we jynsyňyzy saýlaýarsyňyz. 

    • Indiki sahypada Pasport belgiňizi, Berlen ýerini we wagtyny hem-de doglan senäňizi ýazmaly. Emma bu maglumatlary islegiňize görä sypdyryp hem bilersiňiz. 

    • Indiki sahypada Poçtaňyzy, telefon belgiňizi, welaýatyňyzy, etrabyňyzy we şäheriňizi saýlaýarsyňyz. Bu saýlawlar size gerek bolan işi tapmaga kömek eder. 

    • Indiki sahypada zähmet çekjek pudagyňyzy saýlaýaňyz. Bu ugur saýlananda ukyp-başarnygyňyzy we okan ugruňyzy göz öňünde tutmalydyr. Gutlaýarys! Siz «Işgärde» sahypaňyzy üstünlikli döretdiňiz!

  • «Işgärde» anketa döretmek bilen özüňiziň ukyp-başarnyklaryňyz barada ähli iş berijilere habar berip bilýärsiňiz. Anketa döretmek üçin ilkinji ädim oňa at bermekdir. Mysal üçin, oňa «Birinji anketa» diýip at berip bilersiňiz. Soňra siz anketaňyza suraty ýerleşdirmeli. Onuň üçin tapawutly reňkdäki salga basmak bilen smartfonyňyzyň ýa-da kompýuteriňiziň ýadyndaky suratlardan saýlaýarsyňyz. Soňra özüňiz barada aýdasyňyz gelýän zatlary belleýärsiňiz, mysal üçin, bu ýerde «Men adamlar bilen gürleşmegi, täze zatlary öwrenmegi halaýaryn...» we ş.m. zatlary belläp bilersiňiz. Bu maglumat meýdanlaryny dolduranyňyzdan soňra, siziň öňüňizde tejribe meýdançasy açylýar. Bu ýerde siz karýeraňyzyň dowamynda işlän ýerleriňizi beýan edýärsiňiz. Onuň üçin Tejribe goş düwmesine basmaly. Senäni saýlanyňyzdan soňra haýsy hünärde işländigiňizi ýazmaly. Aşakdaky meýdançada bolsa ol ýerde ýerine ýetiren işleriňizi we gazanan üstünlikleriňizi ýazmaly. Onuň aşagynda okan ýerleriňiz baradaky maglumaty ýerleşdirmeli. Soňra «Dil goş» düwmesine basmak bilen bilýän dilleriňizi we haýsy derejede bilýäniňizi bellemeli. Ondan aşakda Sizi gyzyklandyrýan wezipeleri saýlamaly. Siz bu ýerde birlikde birnäçe saýlaw edip bilersiňiz. Ondan aşakda gyzyklanmalaryňyzy we başarnyklaryňyzy ýerleşdirmelisiňiz. Şeýlelik bilen, siziň ilkinji anketaňyz (CV) üstünlikli döredildi. Siz şeýle anketalardan birnäçesini döredip, iş berijilere hödürläp bilersiňiz!
Yza