Hyzmatlarymyz
«Işgär» platformasyndan has netijeli peýdalanmak üçin birnäçe hyzmatlar hödürlenilýär. Hyzmatlaryň hersi ulanyjylaryň isleglerine görä ýöriteleşendir.
Täzelikler - 30 08 2023
Bir işi taşlamazdan öň, näme üçin başlanyňy unutma. Makgregor bu ýörelgä eýermegini hiç haçan bes etmedi. Ol 1988-nji ýylda Irlandiýanyň paýtagty Dublin şäherinde doguldy. Çagalykdan sporty söýen. Türgen ilki futbol bilen meşgullanyp, dünýäniň iň meşhur topary «Mançester Ýunaýtede» janköýerlik edipdir. Makgregor oktagonyň ýyldyzy bolmazyndan öň örän kyn durmuşda ýaşapdyr. Onuň ejesi oglunyň sporty taşlamazlygy üçin elinde baryny edipdir. Başda Konor santehnik bolup, hakyna tutma işgär hökmünde gazanç edipdir. Ol daňda 5 de oýanyp, ilki işine gidipdir. Soňra 10 sagatlyk işden soň türgenleşige baryp, gijä çenli türgenleşipdir. Bu gün tertip iki ýyl arakesmesiz dowam edipdir. Diňe iki ýyldan soň ýakynlarynyň goldawy bilen Makgregor çynlakaý sporta girişýär. Netije, Makgregor dünýäniň iň baý türgenleriniň biri. Ony dünýäde tanamaýan ýok bolsa gerek. Onuň islendik tutluşygy dünýäde millionlarça seslenme alýar. Geliň onuň sebäbine düşünjek bolalyň.
1. Makgregory ýa gowy görüp, ýa-da ýigrenip bolýar. Oňa bitarap garamak mümkin däl.
Konor Makgregory ýa söýüp ýa ýigrenip bolýar. Emma sen ony ýigrenýän bolsaňam näme üçindir tutluşyklaryna tomaşa edýäň?... Makgregor özünde şeýle imiji döretmek üçin köp zähmet çekdi. Onuň bar ýeri hökman şagalaň, gülki we şatlyk, ýigrenç, dawa-jenjel... ol özünde adamlary duýgulandyrýan ähli hereketleri jemläpdir. Netijede Konor özüni satmagy başarýan iň ukyply işewür-türgenleriň biridir.
2. Makgregor ýasama däl. Köplenç
Makgregor ýasama däl. Ol puly gowy görýär, şagalaňlary halaýar. Ol gaharlanýar. Aglaýar. Söwüşýär. Makgregoryň käbir adamlar ýaly ýasama däldigi, kemçiliklerini gizlemeýändigi adamlarda ýakymly täsir galdyrýar. Şonuň üçin hem adamlar Konora belli bir derejede intuiktiw derejede ynanyp, ony yzarlaýarlar, harytlaryny satyn alýarlar.
3. Diňe özüne mahsus hereketler
Makgregoryň millioneriň ýörüşini meşhur edendigini bilýärsiňiz. Ony gaýtalamadyk adam ýok bolsa gerek. Ol başga adamlaryň gaýtalajak, «wirusa» öwrüljek hereketlerini döreti ýa-da olary meşhur etdi. Häzirki wagtda onuň geýnişi hem dünýäde iň meşhur stilleriň biridir. Bu zatlary, umuman, bir söz bilen «McGregor style» diýip atlandyryp bolar.
4. Syraty
Makgregor syratyna örän üns berýär. Ol adamlaryň gözünde galmak üçin dürli görnüşlerdäki gymmatbahaly eşikleri geýýär. Türgeniň pikiriçe, eşik adamyň tebigatyny kesgitleýän esasy görkezijileriň biridir.
5. Pul
Makgregor pul gazanmagy örän gowy görýär. Ol gerek bolsa bokslaşýar. Siz onuň ProperTwelve kompaniýasy barada hem eşidensiňiz. Ýer gelende bellesek, kompaniýa satmak bilen Makgregor 600 million dollar gazandy. Meýwezer bilen tutluşyk bolsa oňa 85 million dollar getirdi. Netije, häzirki wagtda onuň girdejisi 400 million amerikan dollary töwereginde bahalandyrylýar.
Elbetde, adaty durmuşa Makgregor ýaly bolmaly däl. Emma ondan öwrenmeli zat kän. Onuň özüne ynamy, geýnişi, dürli usullar bilen gazanjy we beýleki häsiýetler size üstünlige ýetmäge mümkinçilik berer.
Технолог кондитерского производства
8000Gör
B2B менеджер по продажам
3000Gör
Секретарь / офис-менеджер
2000Gör
Bilim merkezine administrator
3000Gör
Логист
По итогам собеседованияGör
Маркетолог
По итогам собеседованияGör
Zalyuz sehda is bar
1700Gör
Уборщица с опытом работы. Прописка Ашхабад.
600 манатGör
Вакансия
От 2500Gör
Продавец-консультант
3000Gör