Hyzmatlarymyz
«Işgär» platformasyndan has netijeli peýdalanmak üçin birnäçe hyzmatlar hödürlenilýär. Hyzmatlaryň hersi ulanyjylaryň isleglerine görä ýöriteleşendir.
Esasy - 21.08.2023
Täze işe ýerleşmek üçin
ilkinji gepleşige barmak adamlar üçin iň tolgundyryjy pursatlaryň biridir. Iş
beriji bilen ilkinji gepleşikde ýakymly täsir galdyrmak siziň arzuw edýän işe
girmegiňize mümkinçilik berip biler. Halkara bilermenler iş berijiler bilen
ilkinji duşuşykda özüňi dogry alyp barmagyň birnäçe düzgünleriniň bardygyny
belleýärler.
Iş berijilere sizden näme gerekdigini anyklaň.
Olar täze işgärdän nämä
garaşýarlar? Siziň ukyp-başarnyklaryňyz olary kanagatlandyrarmy? Durmuş
tejribäňiz täze işiňize peýda berermi? Duşuşyga baranyňyzda şu soraglara
jogaplary jemläň we olary özüňize ynamly gürrüň beriň. Şol bir wagtyň özünde
azrak gürläň.
Iş berijä ýarajak
gürüňleri ediň.
Onuň üçin ilki
özüňizi tanyşdyryň. Şol bir wagtyň özünde gürrüňdeşiňiziň ýüzüne serediň. Kän
eýläk-beýläk öwrülmäň. Iş berijiniň gürleýän wagty ünsli diňläň. Ony bölmäň.
Başardygyňyzça aldamajak boluň.
Iş berijiniň
soraglaryna taýýar boluň
Iş berijiniň dürli soraglary berip biljegini unutmaň. Soňky iş ýeriňizde
eden işleriňiz, näme üçin işiňizi çalyşmakçy bolýanyňyz, ýeten derejeleriňiz,
üstünlikleriňiz, işde ýüzen çykan kynçylyklaryňyz, zähmet haky baradaky
soraglara anyk, dogry we gysga jogap bermäge taýýar boluň. Esasy zat,
öňki iş ýeriňiz barada hiç-hili erbet sözler aýtmaň!
Kemçilikleriňizi
gizlemäň, tersine, olary artykmaçlyga öwüriň
Kemçilikleriňizi artykmaçlyga öwüriň. Mysal üçin, «men öňümde goýlan
wezipeleri adatdakydan haýal ýerine ýetirýän (sada dilde haýal işleýän). Sebäbi
men edýän işimiň ýalňyşsyz, netijeli we dürs bolmagyny isleýän» diýip
bilersiňiz.
Gepleşige haçan
barsaň gowy?
Iş beriji bilen wagty
saýlamaga mümkinçiligiňiz bar bolsa, onda sagat 10:00 — 11:00 aralygy saýlaň.
Bu wagtda islendik edaradaky gyssagly işler ýerine ýetirilip tamamlanýar.
Başagaýlyk gutarýar. Iş berijiňiz hem bu wagta rahatlanar. Günortanlyk nahary
barada pikirlenip başlar. Şeýlelik bilen, siz rahatlanan, keýpli adam bilen
gürrüňdeş bolarsyňyz.
Требуется водитель
1200Gör
Требуется специалист по подготовке коммерческих предложений и сбору цен
договорнаяGör
В транспортную кампанию требуется маркетолог
от 6000Gör
В ателье требуется швея
договорнаяGör
Требуется продавец в магазин часов
2000Gör
Требуется официант в кафе с бильярдом
от 1300Gör
Satysh we sargyt
2500-300Gör
Dizayner vecktor we cmyk
3000-4500Gör
Требуется продавец в магазин дверей
от 2500Gör
Traktorist
2155Gör