Hyzmatlarymyz
«Işgär» platformasyndan has netijeli peýdalanmak üçin birnäçe hyzmatlar hödürlenilýär. Hyzmatlaryň hersi ulanyjylaryň isleglerine görä ýöriteleşendir.
Täzelikler - 10.03.2025
Siz işiňizde kän bir ukyp-başarnygy bolmadyk adamlaryň uly abraýdan peýdalanýandygyna, ýolbaşçylaryň ol adama ýylylyk bilen garaýandygyna üns berdiňizmi?
Häzirki iş bazarynda iş berijiler işgärleriň diňe bir professional başarnyklaryny däl, eýsem, üýtgäp durýan ýagdaýlara we şertlere uýgunlaşyp bilýän şahsy häsiýetleri hem ýokary bahalandyrýarlar. Biz bu ýerde işgärlerden iň köp islenýän we iş bazarynda abraýa ukyply bolmak üçin gerek bolan başarnyklary getirdik.
1. Sanly sowatlylyk
Häzirki döwürde innowasion tehnologiýalaryň ýokary derejelere ýetendiginden habarlysyňyz. Kompaniýalar hem öz işlerinde tehnologiýalary işjeň ulanýarlar, şonuň üçin hem islendik wezipede işleýän adamdan ýönekeý kompýuter biliminden baş çykarmagy hökmanydyr. Esasy programma üpjünçilikleri (Word, Excel, PowerPoint, Photoshop we ş.m.) we platformalar bilen işleşmegi başarmak, şeýle hem siziň iş ugruňyza degişli sanly gurallar barada düşünje bolmagy möhümdir.
2. Maglumatlar bilen işlemek ukyby
Maglumatlary seljermegi we düşündirmegi başarmak häzirki zaman zähmet bazarynda hünärmenlerden talap edilýän esasy zatdyr. Köpdürli maglumatlardan baş alyp çykarmak, olary seljermegi başarmak we bu babatda goldaw berýän goşyndylardan peýdalanmak siziň kämilleşmegiňize kömek etjek esasy häsiýetleriň biridir.
3. Adamlar bilen gatnaşmak ukyplary
Adamlar bilen dogry, medeniýetli we netijeli gürrüňdeşligi geçirmek hem siziň abraýyňyzy we kompaniýadaky agramyňyzy artdyrjak esasy häsiýetleriň biridir. Şol bir wagtyň özünde adamlar bilen hat arkaly gatnaşyklary saklamagy başarmak hem zerurdyr.
4. Uýgunlaşmak ukyby
Bu döwürde iş prosessleri tiz ýagdaýda üýtgeýär. Şonuň üçin iş berijiler täze şertlere, tehnologiýalara çalt uýgunlaşyp bilýän işgärleri has gowy görýärler. Bu häsiýet hünärmene çylşyrymly ýagdaýlarda öz işini dowam etdirmäge we çalt çözgüt tapmaga kömek edýär.
5. Döredijilikli çemeleşme
Bu döwür «adamyň başaranyny adam başarar» döwürdir. Şol bir işi bir wagtyň özünde ýokary derejede ýerine ýetirmäge ukyply 100-lerçe hünärmeni tapyp bolýar. Şeýle ýagdaýda hünärmenleri tapawutlandyrýan esasy zat olaryň şol bir meselä döredijilikli çemeleşmegi başarmagydyr. Bu häsiýet, ýagny kreatiw pikirlenmek diňe bir dizaýn, marketing ýaly ugurlarda işleýän adamlarda däl, eýsem, ähli sferada zähmet çekýän adamlara peýdaly bolup biler.
6. Emosional intellekt (EQ)
Empat bolmak size işiňizde ýokary derejelere ýetmäge zyýan berip biler. Emma şol bir wagtyň özünde özüňiziň EQ, ýagny emosional intellektiňizi kämilleşdirmek siziň üstünlikleriňiziň esasyny düzüp biler. Garşyňdaky adamyň ýagdaýyna, duýgularyna düşünmek, onuň eşidesi gelýän sözlerini aýtmagy başarmak siziň üstünlige ýetmegiňize getirip biler.
7. Iş dolandyrmak we durmuşa geçirmek
Işi dolandyrmak, ondaky wezipeleri netijeli paýlamak we mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak zerur häsiýetleriň biridir. Bu bolsa siziň liderlik häsiýetleriňiziň has göze düşmegine şert döreder.
8. Liderlik häsiýetleri
Hünärmen ýolbaşçy wezipäni eýelemese-de, topary ruhlandyryp we jogapkärçilikleri öz üstüne almak ukyby kompaniýalarda ýokary bahalandyrylýar. Şeýle ýagdaýda ol kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň arasynda-da, işdeşleriniň arasynda-da uly abraýa eýe bolar.
9. Özüňi tertipleşdirmek
Erkin grafikde işleýän bolsaň wagtyňy netijeli peýdalanmak hökmany talaplaryň biridir. Öňünde goýlan wezipeleri dolandyrmagy başarýan we netijeleri wagtynda gazanyp bilýän işgärler iş berijiler tarapyndan ýokary bahalandyrylýar.
10. Köpugurly bilimler
Birlikde birnäçe hünärden başy çykýan adamlar zähmet bazarynda uly islegden peýdalanýar. Mysal üçin, bazardaky satuwy analizlemegi başarýan marketolog diňe bir kompaniýanyň mahabaty bilen meşgullanýan marketologdan has tapawutlydyr.
Şu başarnyklary ösdürmek sizi iş bazarynda bäsdeşlige ukyply eder we karýeranyň ösmegine has köp mümkinçilikler açar.
Требуется менеджер по продажам и развитию
договорнаяGör
Помощник секретаря в Atlaz Travel
договорнаяGör
Турагент для приема иностранных граждан
договорнаяGör
Swarşik
3000-4000mntGör
Требуется кассир-продавец в магазин
От 1500Gör
Torgowy agent, marketolog, satyschy
3000-5000Gör
Tapawudy yok
3000Gör
Ежедневный трейдер
договорнаяGör
Требуется продавец в автосервис
От 2000Gör
Требуется экспедитор
От 2200Gör