Hyzmatlarymyz
«Işgär» platformasyndan has netijeli peýdalanmak üçin birnäçe hyzmatlar hödürlenilýär. Hyzmatlaryň hersi ulanyjylaryň isleglerine görä ýöriteleşendir.
Täzelikler - 21.08.2023
Täze işe ýerleşmek üçin ilkinji gepleşige barmak adamlar üçin iň tolgundyryjy pursatlaryň biridir. Iş beriji bilen ilkinji gepleşikde ýakymly täsir galdyrmak siziň arzuw edýän işiňize girmegiňize mümkinçilik berip biler. Halkara bilermenler iş berijiler bilen ilkinji duşuşykda özüňi dogry alyp barmagyň birnäçe düzgünleriniň bardygyny belleýärler.
Olar täze işgärden nämä garaşýarlar? Siziň ukyp-başarnyklaryňyz olary kanagatlandyrarmy? Durmuş tejribäňiz täze işiňize peýda berermi? Duşuşyga baranyňyzda şu soraglara jogaplary jemläň we olary özüňize ynamly gürrüň beriň. Şol bir wagtyň özünde azrak gürläň.
Onuň üçin ilki özüňizi tanyşdyryň. Şol bir wagtyň özünde gürrüňdeşiňiziň ýüzüne serediň. Kän eýläk-beýläk öwrülmäň. Iş berijiniň gürleýän wagty ünsli diňläň. Ony bölmäň. Başardygyňyzça aldamajak boluň.
Iş berijiniň dürli soraglary berip biljegini unutmaň. Soňky iş ýeriňizde eden işleriňiz, näme üçin işiňizi çalyşmakçy bolýanyňyz, ýeten derejeleriňiz, üstünlikleriňiz, işde ýüzen çykan kynçylyklaryňyz, zähmet haky baradaky soraglara anyk, dogry we gysga jogap bermäge taýýar boluň. Esasy zat, öňki iş ýeriňiz barada hiç-hili erbet sözler aýtmaň!
Kemçilikleriňizi artykmaçlyga öwüriň. Mysal üçin, «men öňümde goýlan wezipeleri adatdakydan haýal ýerine ýetirýän (sada dilde haýal işleýän). Sebäbi men edýän işimiň ýalňyşsyz, netijeli we dürs bolmagyny isleýän» diýip bilersiňiz.
Iş beriji bilen duşuşygyň wagtyny saýlamaga mümkinçiligiňiz bar bolsa, onda sagat 10:00 — 11:00 aralygy saýlaň. Bu wagtda islendik edaradaky gyssagly işler ýerine ýetirilip tamamlanýar. Başagaýlyk gutarýar. Iş berijiňiz hem bu wagta rahatlanar. Günortanlyk nahary barada pikirlenip başlar. Şeýlelik bilen, siz rahatlanan, keýpli adam bilen gürrüňdeş bolarsyňyz.
Требуется водитель
1200Gör
Требуется специалист по подготовке коммерческих предложений и сбору цен
договорнаяGör
В транспортную кампанию требуется маркетолог
от 6000Gör
В ателье требуется швея
договорнаяGör
Требуется продавец в магазин часов
2000Gör
Требуется официант в кафе с бильярдом
от 1300Gör
Satysh we sargyt
2500-300Gör
Dizayner vecktor we cmyk
3000-4500Gör
Требуется продавец в магазин дверей
от 2500Gör
Traktorist
2155Gör