Täzelikler

Ikinji işi nädip saýlamaly

Esasy - 19 12 2023

Ikinji işi nädip saýlamaly surady

Häzirki wagtda adamlaryň köpüsi iki işde işleýär. Ussalar birnäçe ýerde,ýazyjylar birnäçe redaksiýada, artistler esasy işinden daşary toýlarda...zähmet çekýär. Häzirki döwürde ikinji işde zähmet çekmek adaty tejribä öwrüldi.Ol adamlara goşmaça gazanç etmäge, hünär öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şeýleýagdaýda ikinji işi tapmak üçin näme etmeli we nähili hünär saýlamaly?

Hünäri nädip saýlamaly?

Ilki bilen, näçe ýaşandygyňyza garamazdan, täze zatlary öwrenmäge dyrjaşmakgowy häsiýetleriň biridir. Onuň üçin nämä höwesiňiziň bardygyny kesgitläň. Mysalüçin, siz Fransiýany, onuň medeniýetini halaýan bolsaňyz, onda birnäçe aýyň dowamynda düýpli taýýarlanmak bilen fransuzdilini özleşdirip, esasy işiňiziň daşyndan mugallymçylyk, terjime etmek bilenmeşgullanyp bilersiňiz.

Hünär saýlanyňda üns bermeli zatlar

Hünäri saýlanyňyzda üns bermeli birnäçe zatlar bar. Olary ýerine ýetirmeksiziň has uly üstünlik gazanmagyňyza mümkinçilik berer.

Hünäri öwrenmegiň kynçylygy — Öwrenjek hünäriňiziň size gyzyklylygy bilen birlikde, onyözleşdirmegiň ýeňildigine hem üns beriň. Mysal üçin, siz skripgada saz çalmagyözleşdirmek üçin birnäçe ýyl gerek. Oňa derek birnäçe aýda öwrenip bolýan wesoňlugy bilen kämilleşip biljek ugruňyz boýunça hünär öwreniň;

Hak — Öwrenýänhünäriňiz üçin tölenýän puly hem göz öňüne tutuň. Mysal üçin, programma düzýänişgärler bilen sazandalar deň aýlyk almaýarlar...;

Abraý — Hünäriňiziňjemgyýetdäki abraýyny seljeriň. Mysal üçin, il arasynda diktor (alypbaryjy) bilenmugallymyň abraýy deň däldir;

Makalanyň soňunda 6 aýyň dowamynda özleşdirip, hünärmen bolmaga mümkinçilikberjek we 0,5 derejede işläp boljak kärleriň birnäçesini hödürleýäris:

Programmalary we kodlary barlaýjy. Siz programmirleme bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda buugurda barlaýjy bolup başlasaňyz dogry bolar. Siz bu ugurda zähmet çekmek bilen1,5 müň manatdan ýokary hak alyp bilersiňiz.

Wideomontažçy. Elbetde, häzirki wagtda wideomontaž edýän programmalaryň sany köpeldi.Olarda işlemek hem ýyl-ýyldan ýeňilleşýär. Şol bir wagtyň özünde bu hünärdeişleýän hünärmenler 1,5 müň manatdan başlap goşmaça aýlyk hak alyp bilerler.

Web dizaýn. Web-sahypalary bezemek hem-de düzmek, bannerleri ýasamak, dizaýnprogrammalaryny bilmek bilen bir hatarda, döredijilik ukyby bolan we gözýetimiňgiň adamlary talap edýär. Olara 2000 manada çenli hak tölenýär.

Targetolog. Internetde post goýmakhem-de öz akkaundyňy ösdürmek bilen gyzyklanýan bolsaňyz bu hünär size gabatgelip biler. Siz kompaniýalaryň sosial ulgamlardaky mahabaty bilen meşgullanyp,üstünlikleriňize görä, birnäçe müň manada barabar girdeji alyp bilersiňiz.