Täzelikler

Gizlinlik syýasaty

Ulgam - 07 11 2023

1. Umumy düzgünler

«Işgär» platformasy öz işini subýektleriň dürli çeşmelerdäki, şol sanda https://isgar.com.tm. Internet saýtyndaky şahsy maglumatlaryny peýdalanmak bilen alyp barýar.

Kompaniýa adamlaryň şahsy maglumatlarynyň operatory bolup durýar. Şahsy maglumat hökmünde fiziki şahslar ýa-da kompaniýalar tarapyndan saýta berilýän maglumatlar göz öňünde tutulýar.

2. Şahsy maglumatlary ýygnamak

Kompaniýa internet-saýtlaryň we mobil goşundylaryň üsti bilen şahsy maglumatlary indiki tertipde ýygnaýar:

● Ulanyjylar tarapyndan berilýän şahsy maglumatlar

Kompaniýa şahsy maglumatlary saýtyň maglumatlar bölüminde ulanyjylar ýa-da olaryň görkezmesi boýunça başga biriniň girizýän maglumatlarynyň esasynda ýygnaýar.

● Ulanyjylaryň mobil goşundyny peýdalanýan wagty enjamynyň ýerleşýän ýeri baradaky maglumatlary ýygnamak.

● IP salgylaryň we cookies maglumatlaryny ýygnamak.

• Statistika görkezijileri üçin şahsy maglumatlar indiki ugurlar boýunça passiw esasda ýygnalýar.

— Saýtyň ulanyja berkidýän identifikatory;

— Internetde görülen sahypalar;

— Görlen sahypalaryň möçberi;

— Saýtyň sahypalaryndaky hereket boýunça maglumat;

— Ulanyjynyň saýty peýdalanyşynyň uzaklygy;

— Giriş nokady (Ulanyjynyň başga saýtlardan salgylanmak esasynda «Işgäre» girmegi);

— Çykyş nokady (Ulanyjylaryň «Işgärdäki» salgylar arkaly başga saýta geçmegi);

— Ulanyjynyň ýurdy;

— Ulanyjynyň ýaşaýan sebiti;

— Ulanyjynyň enjamynda ornaşdyrylan sagat gurşawy;

— Ulanjynyň peýdalanýan brauzeri;

— Brauzeriň sanly barmak skaneri (canvas fingerprint);

— Brauzeriň tanaýan şriftleri;

— Brauzerdäki plaginler;

— Brauzeriň WebGl sazlamalary;

— Brauzerdäki elýeterli media-enjamlaryň görnüşleri;

— Saýta giren we peýdalanan wagtyň hem-de senäniň maglumaty;

— Geçişiň çeşmesi (UTM belllik);

— Statistika maglumatlaryny ýygnamaga mümkinçilik berýän başga internet-serwisleriň berkidýän indentifikatory.

Kompaniýa şahsy maglumatlary ýygnamagy we saklamagy guramak üçin başga internet serwislerini (üçünji tarapyň tehnologiýasyny) peýdalanyp biler. Kompaniýa başga internet-serwisleriň ýerleşýän ýeri bilen baglnyşykly jogapkärçiligi çekenok. Üçünji tarapyň internet-serwisleriň maglumatlary nähili tertipde ýygnap, jemleýändigi serwisleriň özi tarapyndan kesgitlenýär we bu maglumatlaryň özünde gizlin saklanşyna hem-de peýdalanşyna gös-göni jogap berýär.

Kompaniýa ulanyjylary tanadýan öz berýän maglumatlary bilen statistika maglumatlaryny jemlemäge mümkinçilik berýän passiw usul bilen ýygnalýan maglumatlara deňeşdirme geçirmeýär.

3. Şahsy maglumatlary işlemegiň şertleri we ýörelgeleri

Kompaniýa şahsy maglumatlary kanuny we adalatly esasda işlemek bilen, anyk, öňünden kesgitlenen we kanuny maksatlara ýetmek bilen çäklenýär.

Şahsy maglumatlaryň diňe öňde goýulan maksady we wezipäni amala aşyrmak üçin gerekleri peýdalanylýar. Kompaniýa tarapyndan peýdalanylýan şahsy maglumatlaryň mazmuny we göwrümi, gaýtadan işlemegiň kesgitlenen maksatlaryna laýyk gelýär, şahsy maglumatlaryň gereginden artygynyň peýdalanylmagyna ýol berilmeýär.

Şahsy maglumatlar gaýtadan işlenende, Kompaniýa şahsy maglumatlaryň takyklygyny, ýeterliligini we zerur bolsa şahsy maglumatlary gaýtadan işlemegiň maksatlary bilen baglanyşyklylygy üpjün edilýär. Kompaniýa doly däl ýa-da nädogry şahsy maglumatlary ýok etmek ýa-da aýdyňlaşdyrmak üçin zerur çäreleri görýär (olaryň kabul edilmegini üpjün edýär).

Kompaniýa işini alyp barmagynyň çäginde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ulanyjylaryň razylygy bilen şahsy maglumatlaryny işlemek we ýygnamak hem-de seljermek üçin üçünji tarapa (kompaniýa, internet-serwerlere), berlip bilner. Şol bir wagtyň özünde, şahsy maglumatlary gaýtadan işlemegi üpjün etmek we (ýa-da) başga bir adama tabşyrmak üçin deslapky şert, taraplaryň gizlinligi saklamak we şahsy maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek borjydyr.

Şahsy maglumatlary gaýtadan işlemegiň şertleri, ýygnan maksatlaryna laýyklykda kesgitlenýär.

4. Şahsy maglumatlaryň subýektiniň hukuklary

Şahsy maglumatlaryň subýektiniň hukugy bar (kanunda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa):

• şahsy maglumatlarynyz anyklanmagyny, şahsy maglumatlaryň doly däl, könelen, ygtybarsyz, bikanun alnan ýa-da öňde goýlan maksada gabat gelmeýän bolsa olary pozmaga, gizlin saklamaga ýa-da gadaganlyk girizmäge talap edip bilýär. Şeýle-de subýekt hukuklaryny goramak üçin kanuny çäreleriň görülmegini talap edip biler;

• Kompaniýa tarapyndan işlenýän şahsy maglumatlaryň sanawyny we olaryň alnan çeşmesini talap edip biler;

• şahsy maglumatlaryny gaýtadan işlemegiň şertleri, şol sanda saklanyş şertleri barada maglumat alyp bilýär;

• hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şol sanda ýitgileriň öwezini dolmak we (ýa-da) ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen baglanyşykly talap edip bilýär.

Beren şahsy maglumatlaryňyzy ulanmak, üýtgetmek ýa-da pozmak barada soraglaryňyz bar bolsa ýa-da Kompaniýanyň olary işlemegine garşy bolsaňyz, kompaniýanyň salgysy boýunça poçta ýa-da elektron poçta arkaly bize ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris: isgartm@gmail.com.

Operator şahsy maglumatlaryň subýekti tarapyndan berlen ýalňyş maglumatlar üçin jogapkärçilik çekmeýär.