Hyzmatlarymyz
«Işgär» platformasyndan has netijeli peýdalanmak üçin birnäçe hyzmatlar hödürlenilýär. Hyzmatlaryň hersi ulanyjylaryň isleglerine görä ýöriteleşendir.
Täzelikler - 20.10.2023
Erbet endikleri taşlamak Sizden wagty, ummasyz güýji we öz-özüňi terbiýelemegi talap edýär. Bu örän çylşyrymly prosesdir! Şeýle-de bolsa, bu makalada berlen maslahatlara eýerseňiz, bu ugurda üstünlik gazanyp, erbet endikleriňizi taşlap bilersiňiz.
Erbet endiklerden nädip dynmaly: 1. Erbet endikleriňizi kesgitläň, çünki, olary anyk ýüze çykarmak olar bilen göreşmegiň ilkinji ädimidir. Öz häsiýetiňizde nämäni üýtgetmek isleýärsiňiz? Endigiň yzygiderliligi we onuň ýetirýän täsiri nähili?
2. Erbet endigiňiziň döremeginiň sebäbini tapyň. Bu häsiýet nädip endige öwrüldi? Endigiň ahyrky netijesi rahatlyga, dynç alyşa ýa-da lezzet duýgusyna eltýärmi? Erbet endigiňiziň sebäbine düşüneniňizden soň, ony ýok etmegiň üstünde işläp bilersiňiz.
3. Erbet endigi taşlamagyň meýilnamasyny taýýarlaň. Erbet endikden nädip dynyp bolar? Endigi ýene-de gaýtalamak islegi ýüze çyksa, ony başga nähili hereket bilen çalşyp bolar? Mysal üçin, dyrnagyňyzy dişlemek endigini taşlamak isleseňiz, köpräk suw içip ýa-da birzatlar çeýnäp başlaň.
4. Sabyrly boluň. Erbet endigi taşlamak üçin wagt we güýç gerek. Ondan derrew dynyp bilmeýän bolsaňyz, ruhdan düşmäň. Diňe özüňiziň üstünde işlemegi dowam etdiriň we wagtyň geçmegi bilen hökman üstünlik gazanarsyňyz.
5. Goldawy ýatdan çykarmaň. Maksadyňyzy dostlaryňyza we maşgalaňyza aýdyň. Olar kyn günlerde size goldaw we kömek edip bilerler.
Şeýle-de erbet endikler bilen göreşeniňizde, indikileri göz öňünde tutup bilersiňiz:
• Anyk maksat goýuň. Takyk näme üýtgetmek isleýärsiňiz?
• Her gezek erbet endikden gaça durmagy başaranyňyzda, özüňizi gowy zat, şokolat, kofe, döner... bilen sylaglaň. Bu size höwesli bolmaga kömek eder. • Kömek soramakdan gorkmaň. Özbaşdak dolandyryp bilmeýän ýaly duýsaňyz, hünärmeni görüň. Erbet endikden dynmak üçin meýilnama düzmäge kömek eder we ýolda size goldaw berer.
Доставщик
5000Gör
Требуются уборщицы
2.500Gör
Нужные операторы пк
3.500Gör
Satuw (Torgowy) - lar gerek
Göterimleýin aýlykGör
Требуется продавщица
1500+%Gör
Требуются курьеры
договорнаяGör
Требуется котельщик
1920Gör
Требуется электрик
4000Gör
Требуются декларант
по итогам собеседованияGör
Требуется мастер по кондиционерам
по итогам собеседованияGör