Täzelikler

Dünýäniň iň baý oýlap tapylan adamlary: Оlar kim? Nädip baý boldular?

Täzelikler - 21 08 2023

Dünýäniň iň baý oýlap tapylan adamlary: Оlar kim? Nädip baý boldular? surady

Ilon Mask, Riçard Brenson, Bernar Arno… bu adamlar siziň ähliňize tanyş bolsa gerek. Emma döredijilik adamlary meşhur işewürlerden ruhlanyp ekranlarda, žurnallarda we komikslerde hem oýlap tapylan biznes adamlarynyň keşbini döretdiler. Bütin dünýäde olaryň millionlarça muşdaklary bar. Geliň olar bilen ýakyndan tanyşalyň we baýlygynyň gelip çykyşynyň syrlaryny biljek bolalyň.

7. Brýus Ueýn/Betmen

80 ýyl gowrak wagt bäri Betmen multfilmleriň, filmleriň, komiksleriň gahrymanydyr. Betmene bagyşlanan filmlerdir multfilmleriň ählisi onuň ene-atasynyň dünýäden ötmegi bilen başlanýar. Netijede, Brýus Ueýn ene-atasynyň ummasyz baýlygyna eýe bolýar. Ol ýaşlykdan tehnologiýalar bilen gyzyklanyp, himiýa, fizika, inženeriýa we beýleki innowasion ugurlarda gymmatly bilim toplaýar. Onuň mirasalan we dolanyşygy 31 milliard amerikan dollaryndan geçýän «Wayne Enterprise» kompaniýasy bolsa döwletiň sargydy boýunça goranyş äheňli önümleri taýýarlap berýär. Bilermenleriň maglumatlaryna görä, Brýus Ueýniň/Betmeniň baýlygynyň möçberi 9,2 milliard amerikan dollaryna barabardyr. Ol häzirki wagtda tehnologiýalaryň, ýaraglaryň täze görnüşlerini döredip, baýlygyny köpeldýär. Supermen, Diana, Kiborg, Fleş ýaly gahrymanlar bilen Gotemi we bütin dünýäni goramagyny dowam edýär.

6. Toni Stark

Demir adamy (Ironman) hemmeler hem tanaýan bolsa gerek. Artist Robert Dauni Kiçiniň ýerine ýetirmeginde köpçülige hödürlenen «Demir adam», «Ar alyjylar» filmleri millionlarça adamlaryň göwnünden turdy we dünýäde milliardlarça amerikan dollary möçberinde girdeji gazanmagy başardy. Toni Stark barada aýtsak, ol hem Betmen/Brýus Ueýn ýaly çagalykdan ene-atasyny ýitirdi. Ummasyz baýlygy miras aldy. Maglumatlara görä, Toni Starkyň keşbi meşhur milliarder Ilon Maskdan göçürilipdir. Şeýlelik bilen, Marvel dünýäsiniň iň akylly işewüriniň kapitaly 12,4 milliard amerikan dollaryna barabardyr. «Ar alyjylaryň» soňky filminde Toni Stark dünýäden ötdi. Onuň durmuşy we baýlygy baradaky indiki şekiller janköýerler tarapyndan sabyrsyzlyk bilen garaşylýar.

5. Eje/Kerol Miller

Siziň köpüňiz Simpsonlar, Griffinler, Amerikan kaka ýaly multfilmlere tomaşa edýänsiňiz, Bu multfilmleri gödek gülküli sahnalary, jemgyýetiň wajyp meselelerine gülki bilen seredýänligi meşhur etdi. Şu äheňde döredilen Futurama multfilmindäki robot öndürmekde monopol ýagdaýa eýe bolan Kerol Milleriň (eje lakamly) baýlygy 15,7 milliard amerikan dollaryna barabardyr.

4. Karlaýl Kallen

«Twilight» (Сумерки) filminde ýaşy 100-den geçen wampirleriň durmuşy barada gürrüň berilýär. Wampirler maşgalasynyň başynda Karlaýl Kallen dur. Edwardyň kakasy 382 ýaşynda bolup, ömrüniň dowamynda girdeji getirjek işlere maýa goýupdyr. Onuň üçin Karlaýlyň geljegi görýän wampir gyzy Elis bar. Netijede, 300 ýyl gowrak wagt bäri goýulan maýalar Karlaýlyň umumy baýlygyny 46 milliard amerikan dollaryna ýetirmäge mümkinçilik berdi.

3. Smaug

Gowakda ýaşaýan we boýy köşkleri ýatladýan aždarhany tanaýan bolsaňyz gerek. Ol «Ýüzükleriň hökümdary» (The Lord of the Rings), «Hobbit» filmleriniň gahrymany bolup, ummasyz baýlygyň goragçysydyr. Oňa bir gowak doly hazyna degişli. Alymlar aždarhanyň göwresini ölçemek bilen gorag astyndaky altynlaryň bahasyny kesgitlediler. Maglumatlara görä, Smaug jemi bahasy 62 milliard amerikan dollaryna golaý bolan altyna eýeçilik edýär!

2. Skruj Makdak

Çagalaryň iň gowy görýän gahrymanlarynyň biri, «Disney-iň» guwanjy Skruj Makdak dünýädäki iň gysyk we iň baý ördek bolsa gerek. Onuň altyn teňňeleriniň, ýüzükleriniň içine çümüp, ýüzýän pursatlaryna tomaşa etmedik ýokdur. Onuň girdejileri Ýerdäki gymmatbahaly çig mallary gazyp alýan konserniniň üstünlikli hereket edýändigi bilen düşündirilýär.

1. T’Çala/ GaraPantera

«Marvel-iň» ýene-de bir ýyldyzlarynyň biri, Wakandanyň hökümdary, Gara Pantera oýlanyp tapylan gahrymanlaryň arasynda iň baýy bolmaly. Onuň Wakandasynda dünýäniň iň gymmatly baýlygy — wibranium bar. Bu kuwwatly himiki elementiň 1 gramynyň bahasy 10 müň amerikan dollaryna deň. Wakandanyň ammarlarynda bolsa wibraniumyň 10 müň tonnasy saklanýar. Netijede, Gara Panteranyň ukyplaryna eýe bolan T’Çalanyň baýlygy 90,7 trillion amerikan dollaryna ýetýär!