Täzelikler

Aýlyga goşmaça baýraklar we prosentler: bu nähili işleýär

Täzelikler - 12.09.2025

Aýlyga goşmaça baýraklar we prosentler: bu nähili işleýär surady

Käbir kompaniýalar işgärleri höweslendirmek üçin baýraklary we prosentleri ulanýarlar. Bu diňe aýlygyň bir bölegi däl, eýsem has gowy işlemäge we bellenen maksatlara ýetmäge höweslendirýän goşmaça sylagdyr.

Baýrak zähmet hakyndan daşary goşmaça töleg bolup, ol belli bir mukdarda ýa-da aýlygyň göterimi görnüşinde bolup biler. Ol köplenç, belli birnetijeleri, mysal üçin, taslamanyň üstünlikli tamamlanmagy, satuw meýilnamasynyň artykmajy bilen ýerine ýetirilmegi ýa-da ýylyň ahyrynda umumy ýokary netijelilik üçin tölenilýär. Bu ýyllyk ýa-da çärýeklik baýrak bolupbiler.

Aýlyga goşulýan göterimler adatça komission ulgamyna degişlidir. Bu, esasanam, söwda ulgamynda giňden ýaýrandyr. Işgär esasy aýlyk alýar, soňra bolsa her bir tamamlanan şertnamadan ýa-da satylan harytdan prosent goşulýar. Näçe köp satylsa, ahyrky girdeji-de şonça-da ýokary bolýar.

Şeýlelikde, baýraklar we prosentler kompaniýalara işgärlerini höweslendirmäge, olaryň ylhamyny artdyrmaga we gazanan girdejilerini zähmetleriniň netijeleri bilen göni baglanyşdyrmaga kömek edýän täsirli gurallardyr.