Hyzmatlarymyz
«Işgär» platformasyndan has netijeli peýdalanmak üçin birnäçe hyzmatlar hödürlenilýär. Hyzmatlaryň hersi ulanyjylaryň isleglerine görä ýöriteleşendir.
Täzelikler - 25 12 2023
Karýerany ösdürmek barada aýdylanda, köp adam ýeke-täk ýol iş berijileri üýtgetmek diýip pikir edýär. Emma, tejribe öz kompaniýaňyzdaky ösüşiň köplenç professional we maliýe ösüşi üçin has gowy çözgüt bolup biljegini görkezýär.
Haýsy ýagdaýlarda häzirki işiňizde galmak we kompaniýaňyzyň içinde ösmek zerur?
1. Häzirki wagtda ýerine ýetirýän wezipeleriňiz sizi gyzyklandyrýar we olary nädip giňeltmelidigini bilýärsiňiz. Şeýle hem has ýokary derejä ýetip, jogapkärçilik ugruňyzy nädip ýokarlandyrmalydygyna düşünýärsiňiz.
2. Işleýän kompaniýaňyz we toparyňyz täze tehnologiýalar üçin, prosesleri gowulaşdyrmak we beýleki üýtgeşmeler üçin açyk.
3. Kompaniýa size ýeterlik itergi berýär. Mysal üçin, tejribäňizi ykrar etmek siziň üçin möhümdir: işiňiz barada oňyn pikirler, kärdeşleriňizi taýýarlamak işinde tejribe we bilim paýlaşmak mümkinçiligi.
4. Kompaniýadaky we topardaky atmosfera amatly we ösmäge kömek edýär we kompaniýanyň gymmatlyklary siziňki bilen gabat gelýär.
5. Kompaniýanyň maliýe syýasaty aç-açan: aýlyk artdyrmak üçin näme edilmelidigine düşünýärsiňiz.
6. Iş beriji bazara özüni ynamly duýýar, kompaniýada uly krizisler ýa-da kynçylyklar ýok.
7. Kompaniýa tarapyndan hödürlenýän iş formaty size amatly. Kärdeşler bilen şahsy gatnaşyklar siziň üçin möhüm bolsa, ofisdäki umumy günler toparlaýyn işleşmäge we toparda gatnaşyk gurmaga kömek eder.
Sanawdan iň bolmanda bir ýa-da birnäçe zat size degişli bolsa, kompaniýanyň içinde ösüş mümkinçiligini göz öňünde tutuň. 2024-nji ýylda karýeraňyzda hakyky böküş etmek isleseňiz, ilki haýsy tarapa gitmelidigini çözmeli.
B2B менеджер по продажам
3000Gör
Секретарь / офис-менеджер
2000Gör
Bilim merkezine administrator
3000Gör
Логист
По итогам собеседованияGör
Маркетолог
По итогам собеседованияGör
Zalyuz sehda is bar
1700Gör
Уборщица с опытом работы. Прописка Ашхабад.
600 манатGör
Вакансия
От 2500Gör
Продавец-консультант
3000Gör
Tejribeli C# programmist
7000Gör