Hyzmatlarymyz
«Işgär» platformasyndan has netijeli peýdalanmak üçin birnäçe hyzmatlar hödürlenilýär. Hyzmatlaryň hersi ulanyjylaryň isleglerine görä ýöriteleşendir.
Täzelikler - 28.02.2025
Soňky döwürlerde iş prosessiniň çylşyrymlaşmagy we iş orunlarynyň görnüşleriniň köpelmegi bilen iş orunlaryny, käbir ýagdaýlarda bolsa hünärini hem üýtgedýän adamlaryň sany barha köpelýär. Bu bolsa öz gezeginde hünärmeniň öňünde täze mümkinçilikleri açýar. Şol bir wagtyň özünde iş ýeriňi çalyşmak bar bolan "gapylary", ýagny mümkinçilikleri hem ýapyp biler. Şonuň üçin hem biz bu mesele boýunça ýörite hünärmenlere ýüzlenmegi makul bildik.
Günbatar yklymynda zähmet çekýän hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä, adamlar iş ýerlerini birnäçe sebäplere görä üýtgedip bilerler. Emma olaryň arasynda iň esasysy zähmet hak meselesidir!
Iş berijileriň esasy meselesi kompaniýada birnäçe ýyl bäri zähmet çekýän tejribeli hünärmenleriniň zähmet hakyny galdyrmaýandyndadyr. Hünärmene bolsa gerek tejribesini gazanmak üçin 2-3 ýyl ýyl ýeterlik bolýar. Şeýle ýagdaýda onuň başlangyç aýlykda işläsi gelmeýär. Iş beriji bolsa aýlygyny galdyrmaýar. Bu bähbitleriň konflikti ahyrynda kompaniýanyň tejribeli işgärini ýitirmegine getirýar.
Bilşimiz ýaly, her ýyl dünýäniň islendik jemgyýeti inflýasiýa hadysasyna sezewar bolýar. Şonuň üçin hem kompaniýalara işgärleriniň aýlygyny her ýyl 10 göterim töweregi ýokarlandyrmagy maslahat berýärler. Şeýle ýagdaýda işgäriň gazanan pulunyň maşgala dolanyşygyna ýeterlik boljakdygyny we süýşürip biljekdigi beýan edilýär.
Iş çalyşmak we işgäri taýýarlamagyň çylşyrymly prosessdigini nazarda tutup sazlaşykly we konstruktiw gepleşikleri geçirmegiň dogry boljakdygy bellenilýär. Siziň işiňizde şeýle ýagdaýlar boldumy we bu ýagdaýdan nähili baş alyp çykdyňyz?
Требуется сборщик мебели
по итогам собеседованияGör
Требуется старший мастер в мебельный цех
по итогам собеседованияGör
Требуется няня
2000 манатGör
Требуется повар горячего цеха
обсуждаетсяGör
Требуется помощник оператора станка
от 3000Gör
Требуется оператор станка
от 5000Gör
Требуются автомеханики
от 4000Gör
Требуется продавец консультант
от 3000 до 8000Gör
Требуется кассир
от 3000Gör
Требуется торговый агент
3000 манат + %Gör