Hyzmatlarymyz
«Işgär» platformasyndan has netijeli peýdalanmak üçin birnäçe hyzmatlar hödürlenilýär. Hyzmatlaryň hersi ulanyjylaryň isleglerine görä ýöriteleşendir.
Esasy - 30 08 2023
Dowamly zaman
Present continuous (Häzirki dowamly zaman) — Häzirki pursatda dowam edýän hereketi beýan etmek üçin ulanylýar. Bu zamanyň üsti bilen, adatça, häzirki wagtda näme işleýändigimizi beýan edýäris. Mysal üçin, «Men iňlis dili sapagyny görýän», bu sözlemde siz edil şu pursatda iňlis diliniň sapagyna seredýändigiňizi beýan edýäňiz. Iňlisçe bu sözlem: «I am watching English lesson» bolýar. Sözlemiň gurluşyna üns berseňiz, iňlis diliniň ähli habar sözlemleriniň gurluşyna mahsus bolan kanunalaýyklygy görersiňiz. Iňlis dilinde islendik ýagdaýda, ilki bilen, Eýe (Noun, gysgaça N), soňra işlik (Verb, gysgaça V) gelýändir. Present continuous zamanynda gürlemek üçin bolsa işligiň yzyna ing goşulmasyny goşýarsyňyz. Mysal üçin watch – watching, start — starting, finish — finishing… Bu zamanda sorag sözlemini düzmek üçin ilki «to be», ýagny «Am/is/are », soňra eýe — «N», ondan soňra bolsa işlik, ýagny V+ing goýmaly. Şeýle-de, islendik zamanda sorag berlende ýörite sorag sözlerini ulanyp bolýandygyny unutmaly däl. Mysal üçin, soragy «What are you doing?» (Sen näme işleýäň?) görnüşde we «Are you drinking coffee?» (Sen kofe içýäňmi?) görnüşlerde berip bolýar. Bu zamanda jogaby otrisatel görnüşde bermek üçin , N + am/is/are not + Ving formulany ulanmak ýeterlik. Ýagny, habar sözlemindäki to be-den soň not kömekçini goşaýmaly. Mysal üçin, «Are you drinking coffee?», soragyna «I’m not drinking coffee», ýagny «Kofe içýäňmi?» diýen soraga «Ýok kofe içemok» diýip jogap berdik.
Formula: N + am/is/are + Ving, Am/is/are + N + Ving? , N + am/is/are not + Ving
Past continuous (Dowamly öten zaman) – Öten zamanda, gürrüň edilýän wagty dowam eden hereketi beýan etmek üçin ulanylýar. Mysal üçin, «Sen maňa jaň edeniňde, men filme tomaşa edip oturdym» sözleminde iki hereket beýan edilýär. Ilki bilen, geçen zamanda biri dostuna jaň edipdir, emma ol dostunyň jaň eden wagty filme tomaşa edip oturdy. Bu sözlem iňlis dilinde «I was watching movie when you called me» görnüşde terjime edilýär. Bu zamanda hem ähli düzgünler Present continuous zamanyndaka meňzeş. Ýekeje üýtgeýän zat am/is/are deregine was/were ulanylýar. Bu ýerde am/is-e derek was, are derek bolsa were ulanylýar.
Formula: N + was/were + Ving, Was/were + N + Ving? , N + was/were not + Ving
Future continuous (Geljekki dowamly zaman) – Geljek zamanda boljak we belli bir wagtyň dowamynda amala aşyryljak hereketleri beýan etmek üçin ulanylýar. Mysal üçin, men ertir agşam synaglaryma taýýarlanjak. Bu sözlemde geljekde, ýagny ertir agşam boljak hereketler beýan edilýär. Bu sözlem iňlisçe «I’ll be preparing to my exams all night tomorrow» hökmünde terjime edilýär. Geljek zamany gurmak üçin «will» sözi ulanylýar.
Formula: N + will be + Ving, Will + N + be Ving? , N + was/were not + Ving
B2B менеджер по продажам
3000Gör
Секретарь / офис-менеджер
2000Gör
Bilim merkezine administrator
3000Gör
Логист
По итогам собеседованияGör
Маркетолог
По итогам собеседованияGör
Zalyuz sehda is bar
1700Gör
Уборщица с опытом работы. Прописка Ашхабад.
600 манатGör
Вакансия
От 2500Gör
Продавец-консультант
3000Gör
Tejribeli C# programmist
7000Gör