Hyzmatlarymyz
«Işgär» platformasyndan has netijeli peýdalanmak üçin birnäçe hyzmatlar hödürlenilýär. Hyzmatlaryň hersi ulanyjylaryň isleglerine görä ýöriteleşendir.
Täzelikler - 24.04.2025
Täze zatlardan gorkma adamzadyň aňynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen tebigy duýgudyr. Çünki gadymy döwürlerde adamlar nämälim ýerlere baranlarynda wagşy haýwanlardan, awyly ösümliklerdir süýrenijilerden, kesellerden goranmaly bolupdyrlar. Şonuň üçin hem biz islendik täze — nämälim zatlardan (işimizi täzelemekden, täze zatlary öwrenmekden, şäheriňi çalyşmakdan we ş.m.) gorkýarys. Şeýlelik bilen bu gorky sizi köp zatlardan halas edýär.
Täze çözgütleriň üstünde uzak wagtyň dowamynda «kelle» döwmäge iterýär. Emma ol siziň arzuwlaryňyzy amala aşyrmaga, ýaşaýşyňyzy üýtgetmäge päsgel döredýän bolsa, onda bu duýgy bilen göreşmek gerek. Bu barada psihologlar birnäçe maslahatlary berýärler:
1. Nämeden gorkýandygyňyzy kesgitläň. Täze zadyň nämesinden gorkýaňyz? Gorky täze adamlar, täze iş ýa-da nätanyş duýgular bilen baglanyşyklymy? Şu soraglara jogap tapyp, siz gorkuňyz bilen göreşe başlap bilersiňiz.
2. Täze zatlaryň getirjek peýdasy barada oýlanyň. Siz täze zatlary öwrenip, täze adamlar bilen duşuşyp, täze duýgulary başdan geçirmäge taýýarmy? Aslynda, «How i met your mother» köp bölümli filminde bellenilişi ýaly, «Ähli täze zatlar köneden gowudyr».
3. Kiçi zatlardan başlaň. Täze zatlar gorkuzýan bolsa, kiçijik täzeliklerden başlaň. Nätanyş adamlaryň ýanyna baryp, sorag berip görüň. Täze zatdan gorkýan bolsaňyz, derrew kelläňiz bilen çümmäge synanyşmaň. Kiçijik ädimlerden başlaň. Mysal üçin, köpçüligiň öňünde çykyş etmekden gorkýan bolsaňyz, az sanly diňleýjiniň öňünde gürläň. Wagtyň geçmegi bilen hereketleriňiziň gerimini kem-kemden artdyryp bilersiňiz.
4. Kömek soramakdan gorkmaň. Täze gorkyny ýeňip geçmek kyn bolsa, psihologdan ýa-da psihoterapewtden kömek soraň. Olar gorkuňyzyň esasy sebäbine düşünmäge we ony ýeňip geçmek üçin meýilnama düzmäge hem kömek edip bilerler.
Täze gorkyny ýeňmek aňsat däldir. Onuň üçin siziň erkli bolmagyňyz, özüňize ynanmagyňyz gerek. Bu ugurda zähmet çekseňiz maksatlaryňyzy durmuşa geçirip başlarsyňyz.
В магазин канцелярских товаров требуется грузчик
3000Gör
Требуется помощник оценщика
3000-4000Gör
Требуется оценщик
4000-8000Gör
Требуется помощник аудитора
4000-5000Gör
Требуется аудитор
5000-10000Gör
Требуется пастух
от 2000Gör
Требуется SMM-специалист
5000Gör
Сантехник-электрик
4000Gör
В магазин национальной одежды требуется продавщица
от 2000Gör
Yashyl Dunya Mahabat Помощник герберщика
2000Gör