Hyzmatlarymyz
«Işgär» platformasyndan has netijeli peýdalanmak üçin birnäçe hyzmatlar hödürlenilýär. Hyzmatlaryň hersi ulanyjylaryň isleglerine görä ýöriteleşendir.
Täzelikler - 21.08.2023
1970-nji ýyl. Gursagy arzuwdan doly 20 ýaşly ýigit umyt bilen asmanaseredip, kosmosa düşünjek bolýar. Ol ürç edip kitaplary okaýar. Uly adamlarydiňleýär. Az wagt geçenden soňra ýigit Virgin kompaniýasyny esaslandyrýar. Häzir şol wagtky ýigit 53 ýaşynda. Onuň Virgin kompaniýasynyň bolsa gerimigiňäp, ykdysadyýetiň ähli pudagynda iş alyp barýar.
Bu kompaniýany esaslandyran işewür Riçard Brensondyr. Ol dünýäniň iň meşhurtelekeçileriniň biri. Şol bir wagtyň özünde ol möçberi milliardlarça amerikandollaryna barabar bolan biznesinden gelýän girdejisiniň bir bölegini adaty halkbilen paýlaşýar. Haýyr-sahawat işlerini geçirýär. Emma Brensonyň adamzada edýänesasy kömegi millionlarça ynsanyň ykbalyny üýtgeden kitaplary we biznesbaradaky maslahatlarydyr. Biz hem size onuň ýörelgelerinden birnäçesinihödürlemegi makul bildik.
1. Arzuwlaryňyzy bilen git.
Her kimiň arzuwy bar. Maksadyňa ýetmek, arzuwyňy amala aşyrmak adamyňdurmuşyndaky iň lezzetli zat bolsa gerek. Şonuň üçin, ilki bilen, ähli zatdanöňürti, öz arzuwlaryňa ýetmegiň aladasynda bol.
2. Dünýäni kämilleşdirmek bilen boluň.
Işläp, gazanç edip, täsiriňiz artar. Onuň bilen birlikde jemgyýetiňöňündäki jogapkärçiligiňiz hem köpelýär. Şeýle ýagdaýda zehinli çagalary weýaşlary goldamagy unutmaň. Haýyr-sahawat işleri geçiriň. Dünýäni kämilleşdiriň!
3. Özüňizewe maksatlaryňyza ynanyň.
Üstünligiň şowsuzlykdan tapawudy nämede? Öz edýän işiňe ynanmak. Öz edýänişiňize guwanyň. Edýän işiňe sen guwanmasaň, beýleki adamlar seniň zähmediňisylarmy? Ünsüňi girdejä bermezden öňürti, zähmet çekýän pudagyňda kämilleş.
4. Lezzetaljak boluň we işdeşleriňiziň hem-de ýakynlaryňyzyň aladasyny ediň
Lezzet alyp edilmeýän işden peýda ýokdur. Beýle işde üstünlik gazanypbolmaýar. Siziň karýeraňyzda ýetmek isleýän sepgitleriňiz bardyr, olar sizihöweslendirmeli. Işdeşleriňiziň arasynda sagdyn gatnaşyklary ýola goýuň. Mümkinbolanda goldaw beriň. Kömegiňiz hökman yzyna dolanar.
5. Boýunegmäň!
Durmuşa düşünip bolanok. Käwagtlar hemme zat seniň garşyňa. Şeýle ýagdaýdaeden işleriňiziň tersine bolmagy siziň sussuňyzyň pes bolmagyna getirip biler.Nähili ýagdaý bolsa-da, başyny tutan işiňizi taşlamaň. Şowsuzlyk siziňarzuwlaryňyzdan el çekdirmeli däldir.
6. Diňle, bellik et we täzemaksatlary öňüňde goý
Diňlemegi — başarmak biznes edýän adamyň esasy häsiýetleriniň biridir.Diňlän gürrüňleriňizden peýdalanyp biljek maglumatlaryňyzy bellik edip alyň.Pikirleriň möhleti gaty gitse birnäçe gün. Olar ýatdan çykmanka derrew belläň.
7. Wezipeleriňipaýlaş
Işi ýerlikli paýlamak menejeriň esasy häsiýetleriniň biridir. Brensonkompaniýasyna işgär alanda özüniň edip bilmejek işini ýerine ýetirmäge ukyply hünärmenleriçagyrypdyr. Olar bolsa öz gezeginde kompaniýanyň ähli ugur babatda netijeligörkezijilere eýe bolmagyna mümkinçilik berer.
8. Noutbugyňywe «Iphone-ňi» öçür
Günüň dowamynda internetden we smartfonlardan dynç almagy ýatdan çykarmaň.Sizi örän täsin we biri-birine meňzemeýän, gaýtalanmajak adamlar gurşap alýar.Olar bilen gürleşiň. Olaryň durmuşyndaky bar dramany, bagtly pursatlarynyöwreniň.
9. Gürleş, gürleşwe ýene-de bir gezek gürleş
Işgärleriňiz, işdeşleriňiz, dostlaryňyz, ýakynlaryňyz, hat-da, ýoldan geçipbarýan nätanyşlar bilen hem gürleşmäge çalşyň. Her gürleşýän adamyňyz siziňöňüňizde täze çözgütleri açyp biler. Olar hersi täze gapy açýan ýalydyr.
10. Islänzadyňy et
Brenson adamlaraerkinlik bermegiň tarapdary. Ol häzirki zaman tehnologiýalaryny ýerliklipeýdalanmak bilen ähli bökdençlikleri çözüp bolýandygyna ynanýar. Mysal üçin,hasabaty umumy tordaky maglumatlar esasynda ýurdumyzyň bäş welaýatynyň islendikýerinden düzüp ugradyp bolýar. Makala ýazmaly bolsa-da... umuman, meseleleriňköp bölegi wagtyňy öz isleýän zatlaryňa sarp etmäge mümkinçilik berýär. Şonuňüçin hem özüňize wagt aýryň. Isleýän zatlaryňyzy ediň.
Требуется менеджер по продажам и развитию
договорнаяGör
Помощник секретаря в Atlaz Travel
договорнаяGör
Турагент для приема иностранных граждан
договорнаяGör
Swarşik
3000-4000mntGör
Требуется кассир-продавец в магазин
От 1500Gör
Torgowy agent, marketolog, satyschy
3000-5000Gör
Tapawudy yok
3000Gör
Ежедневный трейдер
договорнаяGör
Требуется продавец в автосервис
От 2000Gör
Требуется экспедитор
От 2200Gör